Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 05.02.2020
1000

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly, netijeli häsiýetini belledi. Munuň özi işewür gatnaşyklary, şol sanda nebitgaz senagaty ýaly möhüm ugurda gatnaşyklary has-da berkitmek üçin amatly şertleri döredýär. Bu ugur dünýäniň iri energetika döwletleri bolan ýurtlaryň ikisi üçin hem strategik ugurdyr hem-de uglewodorod serişdeleriniň ägirt köp gorlaryna eýedir. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de «Lukoýl» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bar bolan mümkinçilikleri we olary amala aşyrmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek, nebitgaz çykarýan hem-de gaýtadan işleýän önümçilikleriň kuwwatlyklaryny artdyrmak, gaz we nebithimiýa senagatyny ösdürmek hem-de ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmek ýaly esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi. Türkmenistanda amala aşyrylýan, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagy we sanlaşdyrmagy ugur edinýän giň gerimli maksatnamalar, okgunly ylmy-tehnologik ösüş hem-de sebit we halkara ähmiýetine eýe bolan iri düzümleýin taslamalar üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek hem-de oňa sazlaşykly häsiýet çaýmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Söhbetdeşligiň barşynda işewür hormatly Prezidentimizi Hazar deňzindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek babatda «Lukoýl» kompaniýasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Işewüriň belleýşi ýaly, Türkmenistanda maýa goýum ýagdaýy hem-de bu ýerde nebit we gaz ýataklaryny işläp taýýarlamaga, düzümiň gurluşygyna netijeli maýa goýmaga mümkinçilik berýän hukuk binýady döredildi. Şonuň üçin onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy şol ugurlarda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär. Hormatly Prezidentimiz russiýaly hyzmatdaşlaryň başlangyçlaryny goldap, taraplarda bar bolan teklipleriň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri bilen bilelikde öwrenilmegi hem-de seretmäge hödürlenilmegi barada tabşyryk berdi. Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň hem-de «Lukoýl» kompaniýasynyň anyk netijeleri ugur edinýän uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow