Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 03.02.2020
1161

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwletgeldi Mämmedowiç Garaýew Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akmyrat Babaniýazowiç Hoçžyýew Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran 1160-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 1377-nji Karary, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran 1487-nji Karary, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ýaşaýyş jaýlaryny hem-de içerki we daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we gaz ulgamlaryny gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda çykaran 1506-njy Karary esasynda gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşygynda daşary ýurtlardan getirilmegi zerur bolan enjamlaryň we materiallaryň bahasyny tölemek üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji noýabrynda çykaran «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalary we desgalary gurmak hakynda» 1487-nji Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň döwlet serişdelerinden 1 465 747 129,60 (bir milliard dört ýüz altmyş bäş million ýedi ýüz kyrk ýedi müň bir ýüz ýigrimi dokuz bitin ýüzden altmyş) amerikan dollaryny bölüp bermek bellenildi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow