Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi
Jemgyýet
Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 30.01.2020
1862

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine arassaçylyk ýagdaýyny saklamak, keselleriň öňüni almaga hem-de ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk çäreleri işläp taýýarlamak meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ýüze çykýan ýokanç keselleriň, dümewiň ýaýramagyna gözegçilik boýunça maksatnamany işläp taýýarlamaga degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny pugtalandyrmak boýunça işiň, ilkinji nobatda, döwletimiziň durmuş syýasatyna, kanunçylyk üpjünçiligine, lukmançylyk hyzmaty ulgamyny kämilleşdirmäge, ekologiýa baradaky alada, her birimiziň aňymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ruhy we ahlak gymmatlyklaryny berkarar etmäge esaslanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu wezipeleriň ählisiniň üstünlikli çözülmeginiň, ilki bilen, degişli jemgyýetçilik pikirini kemala getirmäge baglydygyny aýtdy. Şoňa görä-de, halkymyzyň saglygyny berkitmegiň döwrebap strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň hatarynda wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işleri möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda adamlaryň saglygyny goramak döwletiň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi milletiň we her bir adamyň durmuşynyň anyk ýagdaýydyr. Milli Liderimiz ýurdumyzda keselleriň peýda bolmak howpuny ep-esli azaldýan degişli öňüni alyş çäreleriniň tutuş toplumynyň geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde arassaçylyk we gigiýena düzgünleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmak maksady bilen, düşündiriş hem-de wagyz-nesihat işlerini mundan beýläk hem dowam etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz giň gerimli we maksadalaýyk işleriň geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde hem-de arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleri geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
top-arrow