Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
TÜRKMENISTAN – BMG: ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlyk
Syýasy habarlar
TÜRKMENISTAN – BMG: ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlyk
Çap edildi 28.01.2020
789

Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň 2019-njy ýyl üçin adam ösüşi boýunça Bütindünýä hasabaty bilen tanyşdyryldy. Foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda hasabatyň esasy netijeleri, soňky 10 ýylda ýurdumyzyň gazanan ösüşi, şeýle hem durnukly ösüşe ýardam etmekde BMGÖM-niň orny hakynda teswirlemeler bilen tanyşdyryldy. Bilermenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty netijesinde Türkmenistany adam ösüşiniň ýokary derejesi tapawutlandyrýar. Ähli amala aşyrylýan giň gerimli döwlet maksatnamalary we durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň durnukly ösmegine, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge gönükdirilendir. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen Lideri döwleti ösdürmegiň demokratik ýörelgeleriniň yzygiderli berkidilmegine we artdyrylmagyna hemişe üns berýär, şol ýörelgeler kanunyň hökmürowanlygyna hem-de adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine esaslanýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin dünýäniň Gün Tertibini amala aşyrmak boýunça guramanyň işine giňden gatnaşmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. EKOSOS-nyň Syýasy Forumynyň çäklerinde geçen ýylyň iýulynda Nýu-Ýorkda tanyşdyrylan Durnukly ösüşiň maksatlary boýunça Türkmenistanyň birinji Meýletin milli syny hem munuň nobatdaky subutnamasy bolup, ol BMG-niň strategiýalaryny ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzyň toplan tejribesini aýdyň görkezdi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow