Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Diýarymyzyň sebitlerinde täze jaýlar açyldy
Jemgyýet
Diýarymyzyň sebitlerinde täze jaýlar açyldy
Çap edildi 27.01.2020
2001

Şu gün Watan goragçylarynyň gününde Amyderýanyň boýundaky şäherde Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň gatnaşan dabarasynyň barşynda döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp etdiler. Işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. «Lebapobataslama» institutynyň binagärleri tarapyndan taslamasy düzülen ýaşaýyş jaý toplumy welaýatyň dolandyryş merkeziniň günorta böleginde Zerger demirbeton önümleri zawodynyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. 4 gatly jaýlaryň dördüsinden ybarat bolan toplumda şu gün polisiýa işgärleriniň maşgalalary jaý toýlaryny tutdular. Döwrebap timarlaýyş serişdelerini peýdalanmak bilen gurlan bu jaýlaryň her biri 3 we 4 otagly öýlerden ybarat bolup, şolarda durmuş tehnikalary hem-de mebelleri bilen üpjün edilen aşhanalar we eýwanlar bar. Ýaşaýyş topluma ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy, şol ýerlerde çagalar üçin niýetlenen hem-de sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, dynç alyş zolaklary göz öňünde tutuldy. Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Saýat, Hojambaz we Döwletli etraplarynda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň etrap bölümleriniň işgärleri üçin edara jaýlarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly açylyşy boldy. Täze jaýlara göçüp gelenler Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň we işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Çykyş edenler milli Liderimizi geljekde hem mähriban halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek babatda öz mukaddes borçlaryny päk ýürekden ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow