Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurdumyzda sanitar-epidemiologik durnuklylygyň goragynda
Jemgyýet
Ýurdumyzda sanitar-epidemiologik durnuklylygyň goragynda
Çap edildi 23.01.2020
1722

Ýokanç keseller, şol sanda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýy döredip biljek täze wiruslar boýunça dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýy çylşyrymly bolmagynda galýar. Ulag-aragatnaşyk ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň geografik ýerleşişini, halkara gatnaşyklaryň ösüşini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň giňeldilmegini nazara almak bilen, Türkmenistanyň çägine daşary ýurtlardan ýokanç keselleriň getirilmeginiň öňüni almak üçin, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli görkezmelerine laýyklykda, toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Ýurdumyzda sanitar-epidemiologik durnuklylygy saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda «Ýiti adaty bolmadyk, etiologiýasy anyklanmadyk öýken sowuklama keseli boýunça geçirilmeli çäreler hakynda» buýruk çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, keseli öz wagtynda anyklamak we bejermek üçin hünärmenleriň usulyýet işlerini kämilleşdirmek üçin işler geçirilýär, sanitar-epidemiologiýa gözegçiligi boýunça çäreler güýçlendirilýär. Ýurdumyzyň çäklerine şol keseliň getirilmeginden gorap saklamak maksady bilen, welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary tarapyndan şol ýurtlara dürli maksatlar bilen gidip-gelýänler berk gözegçilige alynýar we serhet geçelgelerinde ýerleşýän arassaçylyk karantin nokatlarynda, bölümlerinde gözegçilik işleri geçirilýär we dowam edýär. Mundan başga-da, 20-nji ýanwarda Ýokanç keselleriň öňüni almak, ýurdumyzyň çäklerini olaryň ýaýramagyndan goramak we kesellere garşy göreşmek çärelerini güýçlendirmek barada Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisi geçirildi. Bu toparyň çözgüdine laýyklykda, degişli gulluklaryň işgärleri üçin okuw maslahatlar geçirildi we karantin nokatlarynda hem-de bölümlerinde maglumatlar ýaýradyldy. «Başdermanhana» birleşigi we «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik kärhanasy tarapyndan ýurdumyzyň dermanhanalary degişli dermanlar we saglyk maksatly serişdeler bilen doly üpjün edildi. Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň referens barlaghanaly wirusologiýa bölüminde häzirki zaman döwrebap enjamlarynyň kömegi bilen polimeraz zynjyrly reaksiýa barlag usuly arkaly birnäçe ýiti respirator ýokanç keselleri anyklamak üçin ähli şertler döredilip, yzygiderli barlaglar geçirilýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşygyň çäklerinde 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda BSGG tarapyndan jemgyýetçilik saglygy we iýmiti merkeziniň wirusologiýa referens barlaghanasyna dümew keseli boýunça Milli merkez diýen dereje berildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow