Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 21.01.2020
927

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa şu gün Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreas Zinonosdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, ilçi, öz nobatynda, wekilçilik edýän ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirdi hem-de iki döwletiň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Doly ygtyýarly wekil Kipr Respublikasynda türkmen Lideriniň alyp barýan daşary syýasatynyň hem-de öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlarynyň doly goldanylýandygyny nygtap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň şu ýyl bellenilýän şanly senesiniň 25 ýyllygynyň dünýä bileleşigi üçin ähmiýetini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen, iňlis we rus dillerinde resmi saýtyň işlenilip taýýarlanylandygyny hem-de internete goýberilendigini, şonda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan çäreler hakynda zerur habarlaryň hem-de ýurdumyzda we onuň ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanylan üstünlikler baradaky umumy maglumatlaryň ýerleşdirilýändigini habar berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat döwletimiziň gülläp ösmegine we türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady we ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak hem-de ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça taslamalar bilen tanyşdyryldy. Mejlisiň alyp barýan işleri, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler bilen baglylykda, onuň orny gürrüňdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolan parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir aýdyldy. Kiprde Türkmenistanyň ähli babatda okgunly ösüşine uly gyzyklanma bildirilýär, bu ösüşler hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda iri halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, diplomat belledi. Söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary, ylym-bilim ulgamy, syýahatçylyk pudagy ugurlarynda hyzmatdaşlygyň uly geljegi bar. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny sowgat berdi.

***
Şu gün Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi, duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeni maksatnamanyň çäklerinde jenap Andreas Zinonos «Nusaý» döwlet taryhy-arheologiýa toplumyna baryp görer, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň beýleki ajaýyp künjekleri bilen tanşar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow