Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 20.01.2020
1046

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oraly kabul etdi. Ilçi milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat resmi taýdan kabul etmäge wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Türkiýäniň Baştutany doganlyk türkmen halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Ilçiniň belleýşi ýaly, bütin dünýäde ösüşlere beslenen daşary syýasaty bilen tanalýan ýurdumyzda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmek özi üçin uly hormatdyr. Şol syýasat giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen hemişelik Bitaraplyk derejesine we netijeli başlangyçlara esaslanandyr. Ilçi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň okgunly depginini belläp, döredijiligiň we rowaçlygyň ýolunda doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine türk halkynyň tüýs ýürekden buýsanýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtady. Dost-doganlygyň mizemez gatnaşyklary, hoşniýetliligiň iň oňat däpleri döwletara gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ägirt kuwwata hem-de ajaýyp geljege eýe bolan köptaraply türkmen-türk hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek ugrundaky işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Munuň şeýledigine bilelikde amala aşyrylan onlarça taslamalar hem-de häzir durmuşa geçirilýän dürli ugurlardaky taslamalar, hususy ulgama degişli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän işewür gatnaşyklar, yzygiderli guralýan sergiler we işewürlik maslahatlary aýdyň şaýatlyk edýär. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, gurluşyk toplumy, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk pudagy we beýlekiler özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, onuň wajyp ugurlaryny işläp taýýarlamagyň anyk guraly hökmünde Hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşiniň eýeleýän ähmiýetli orny bellenildi. Ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýar. Munuň özi iki ýurduň halklaryny birleşdirýän taryhy, medeni we ruhy umumylyk bilen şertlenendir. Şu ulgamda bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplanyldy hem-de bilim we ylym, medeniýet we sungat, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyk edip, döwrüň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny görkezýändikleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl bellenilýän şanly senäniň — halkara derejede ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, ählumumy durnukly ösüş, abadançylyk hem-de rowaçlyk üçin şertleri döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral giň gerimli meseleler boýunça geçirilen netijeli pikir alyşmalar üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen-türk gatnaşyklaryny has-da berkitmek hem-de iki doganlyk ýurduň we halkyň bähbitlerine doly kybap gelýän netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow