Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 10.01.2020
1138

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2020-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklanyldy.

***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň awtomobil ýol ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek we binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygynda ýerasty awtomobil geçelgesiniň we 4 sany ýerasty pyýada geçelgesiniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgalary 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi we bu toparyň düzümi hem-de topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow