Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Çap edildi 05.01.2020
864

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze, 2020-nji ýylyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr. Täze ýylda häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy gazanmak hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin bilelikde hereket etmäge mümkinçiligiň boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn. Şeýle hem Täze ýylda ýurtlarymyzyň halklarynyň röwşen geljeginiň bähbidine dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ilerletmek boýunça bilelikdäki tagallalarymyzyň dowam etjekdigine umyt edýärin. Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy ýene-de bir gezek beýan etmek bilen, Türkmenistanyň dostlukly halkyna hem-de dünýäniň ähli halklaryna ösüşi we abadançylygy arzuw edýärin. Täze, 2020-nji ýylyňyz gutly bolsun! Çäksiz hormat goýmak bilen, Abdel Fattah Al-Sisi, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlaglarymy hem-de Täze ýylda ähli gowulyklar baradaky arzuwlarymy kabul ediň! Abdul Hamid, Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlaglarymy hem-de Täze ýylda ähli gowulyklar baradaky arzuwlarymy kabul ediň! Narendra Modi, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow