Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanlylar 2020-nji ýyly geljege bolan uly ynam bilen garşyladylar
Jemgyýet
Türkmenistanlylar 2020-nji ýyly geljege bolan uly ynam bilen garşyladylar
Çap edildi 01.01.2020
2489

Täze, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi, olaryň baýramçylyk çäreleri dowam edýär. Şu günler paýtagtymyz hem owadan keşbe girip, Täze ýyl bezegleriniň ýalkym saçýan, köçeleriň, seýilgähleriň we meýdançalaryň millionlarça yşyklaryna beslendi. Agşamky şäher hakyky ertekä öwrüldi, bu erteki bolsa biziň her birimiziň kalbymyzda ýaşaýar. Çünki bu zatlaryň hemmesi biziň şatlygymyzy, aladamyzy we ünsümizi duýmak üçin birnäçe günüň dowamynda döredilen ajaýyplyklar bolup durýar. Hut şeýle ýagdaýda, anyk işlerde, iş we baýramçylyk günlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge öz beýanyny tapýar. 2019-njy ýyl halkymyzyň ajaýyp zähmet üstünliklerine, ýurdumyzyň gazananlaryna beslenip, olar milli Liderimiziň amala aşyrýan durmuş-ykdysady strategiýasy bilen şertlendirilendir. Ine-de, ýyllaryň çalyşýan pursadyny garşylamak wagty gelip, Watanymyzyň ykbalynda we ýyl ýazgysynda täze döwrüň başlanmagyny alamatlandyrdy. 2020-nji ýyla gadam basmak hem-de geljege dostlukly we şatlykly geçilmegini täze güýçler, gujur-gaýrat, uly meýiller hem-de olary amala aşyrmaga taýýarlyk bilen şatlykly bellemek üçin Türkmenistanda ähli şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň 31-nji dekabr senesini dynç alyş güni diýip yglan etmegi hem şoňa şaýatlyk edýär. Biz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçen hem-de milli ösüşde, şeýle hem dünýä giňişliginde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ornuny berkitmekde nobatdaky uly üstünliklere beslenen 2019-njy ýyly hoşallyk duýgusy bilen ugratdyk. Täze ýylyň öň ýanynda, 27-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň, milli maksatnamalaryň we özgertmeleriň deslapky netijelerini jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, umuman, 2019-njy ýyl ýurdumyz üçin oňat ýyl boldy. Öz wagtynda görlen çäreler ýurdumyzyň önümçiliginiň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bellenilen görkezijiler gazanyldy, iri halkara çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ähli sebitlerde özboluşly desgalar gurulýar, täze ýaşaýyş toplumlary we obalary döredilýär, ýokary tizlikli awtomobil we demir ýollarynyň müňlerçe kilometrleri çekilýär. Sebit we yklym ähmiýetli ulag düzüm ulgamlary döredilýär. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawodyň gurulmagyny mysal getirdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy üstünlikli dowam edip, ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň we beýleki ençeme durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň şeýle üstünliklere buýsanmaga haklydygymyzy kanagatlanma bilen belledi. Öňde bize giň gerimli işler garaşýar, biz olary ruhubelentlik hem-de mümkinçilikleri we maksatlary aýdyň görmek bilen meýilleşdirýäris. Döwlet Baştutanymyz öňdäki işleriň geljegi uly ugurlary barada durup geçmek bilen, geljek ýylda ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm bolan iki çäräniň geçiriljekdigini aýtdy. Esasy Kanunymyza — ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň girizilmegi kanun çykaryjy häkimiýeti ýokary derejede üýtgeder. Iki palataly Parlament dörediler. Mundan başga-da, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy giňden we dabaraly ýagdaýda belleniler. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň şygary: «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar yglan edildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guralan medeni çäreler, sergiler we konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar we çagalar oýunlary Täze ýyly garşylamak üçin ajaýyp sebäp boldy, hemişe bolşy ýaly, ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Birnäçe gün mundan öň bu ýere — baýramçylyga, çagalaryň ýanyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelip, oglanlary we gyzlary gutlady hem-de sowgatlary gowşurdy. Täze ýylyň öň ýanynda çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň milli Liderimiz bilen duşuşmagy ýatdan çykmajak waka öwrülip, ol çagalary oňat bilim almaga, sport we döredijilik bilen meşgullanmaga ruhlandyrdy. 31-nji dekabrda agşam bu ýer köp adamly boldy. Hakykatdan-da, açyk asmanyň astynda şäherde owadan bezelen meýdançalarda şatlykly dabaralar geçýän wagty öýde oturmak aňsat düşmeýär. Bezegçileriň we dizaýnerleriň tagallalary netijesinde «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança jadyly gyşky baga öwrüldi, bu ýerde garyň we gar syrgynlarynyň ýerine neon dekorasiýalary we elektrik gar tozgajyklary ulanyldy. Zer sapaklary bilen bezelen derwezeler we ötükler seýilbaglarynyň wezipesini, ertekileriň gahrymanlary hem-de ýylyň nyşanlary bolsa owadan şarlar bilen bezelen ýurdumyzyň Baş arçasy üçin baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Meýdançada gurnalan sahnada Täze ýyla bagyşlanan döredijilik eserleri bilen köpçüligi begendiren meşhur estrada aýdymçylarynyň, ussatlaryň we parlak ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly şüweleň ýaýbaňlandyrylýar. Tansly çykyşlar, söýgi we joşgunly aýdymlar ýaňlanýar. Meşhur «Aşgabat», «Meňli» tans toparlarynyň hem-de Döwlet tans toparynyň tanslary aýdymçylaryň çykyşlary bilen utgaşdy. Konsert iki sagada golaý dowam etdi hem-de tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmagy bilen ähli artistleriň ýerine ýetirmeginde «Hoş geldiň, Täze ýyl!» aýdymy bilen tamamlandy. Dabarany alypbaryjy ähli watandaşlarymyzyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize bagt, saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine beýik maksatlara ýetmekde täze üstünlikleri arzuw etdi. Soňra alypbaryjy däbe öwrülen baýramçylyk teleköprüsiniň, Täze ýyl gijesi türkmen paýtagtyny ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň dolandyryş merkezleri bilen birleşdirýän çäräniň başlanýandygyny yglan edýär. Teleýaýlymlara göni teleköpri arkaly çykmak ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ajaýyp baýramçylygyň ýerli ýaşaýjylar tarapyndan nähili baýram edilýändigini synlamaga mümkinçilik berýär, olar hem öz gezeginde Aşgabatda guralan Täze ýyl dabaralaryna goşulyşyp, paýtagtly ýaşaýjylaryň şatlyklaryny paýlaşdylar. Şu gün welaýatlaryň merkezi şäherleriniň meýdançalarynda hem estrada aýdymçylarynyň we welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda Täze ýyl mynasybetli köpöwüşginli çykyşlary guraldy. Dabaralara hormatly ýaşulular we ýaşlar, kümüş saçly eneler, oba ýaşaýjylary, çagalar gatnaşdylar. Teleköprä ilkinji bolup Ahal welaýaty goşulyşýar: baýramçylyk mynasybetli, gutlaglardan we goşgulardan soňra baýramçylyk konsert çykyşlary ýaýbaňlanýar, olary baýramçylyk mynasybetli artistler taýýarladylar. Soňra göni teleköprä Balkan welaýaty çykýar. Welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan ildeşlerimize gutlaglaryny beýan edip, bu sebitiň wekilleri özleriniň baýramçylyga taýýarlan çykyşlaryny görkezdiler. Soňra ýurdumyzyň döredijilik ýörelgelerine we zehinlere baý bolan demirgazyk — Daşoguz welaýaty çykyş edýär, çykyşlarda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gutlaglar we arzuwlar beýan edildi. Teleköpri Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň gutlaglary bilen dowam etdirildi, olar ildeşlerimizi we milli Liderimizi Täze ýyl bilen gutladylar, gündogar sebitiň artistleri aýdym-saz, tans çykyşlaryny görkezdiler. Mary welaýatynyň nobaty gelip ýetdi hem-de ýene-de ekranda onlaýn tertibinde baýramçylyk mynasybetli gutlaglar, iň gowy arzuwlar ýaňlanýar, goşgular aýdylýar we saz ýerine ýetirilýär, artistler aýdym aýdýarlar, çagalar tans edýärler. Göni teleköprini Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň — Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary jemleýärler. Olar «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançadan hormatly ýaşulularyň hem-de mekdep okuwçylarynyň ýurdumyzyň ähli şäherlerindäki we obalaryndaky ildeşlerimize ýüzlenip aýdan abadançylyk we bagtyýarlyk baradaky arzuwlaryny beýan edýärler. Olara belli artistler we tans toparlary baýramçylyga bagyşlanan çykyşlary bilen goşulýarlar. Alypbaryjy welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gutlaglaryny jemläp, olaryň esasy many-mazmunynyň Türkmenistanyň hemişe gülläp ösmegi, Watanymyzyň halkara abraýynyň ýylsaýyn belende göterilmegi, halkymyzyň parahatçylykda we agzybirlikde, döredijilik gujur-gaýratynyň ylhamy bilen bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny alamatlandyrýandygyny bellediler. Ähli türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýadawsyz zähmeti we Watanymyzyň, eziz halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleri üçin çäksiz hoşallyk beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylda ýurdumyzyň täze belent üstünlikler hem-de zähmet ýeňişleri bilen özüniň şöhratly ýyl ýazgysyny mynasyp dowam etdirjekdigine hiç hili şübhe bolup bilmez. 2020-nji ýylda uly işler garaşýar, çünki ösüşe bökdençligi döretmezlik üçin, ýerine ýetirilen ähmiýetli işleri has uly üstünlikler bilen berkitmek gerek. Şeýle hem bize türkmen bitaraplygynyň şanly senesini baýram etmek ýaly dabaralar garaşýar. Biziň ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletlerinden wekiliýetleriň gatnaşmagynda möhüm forumlaryň we duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüler. Ak mermerli Aşgabadyň kabul etjek halkara sport ýaryşlary dürli öwüşginlere beslener. Umuman, biz Täze ýyly uly meýilnamalar hem-de bellenilen wezipeleriň amala aşyrylmagyna bolan ynam bilen başlaýarys. Şowhunly, köp mähelleli meýdança ümsümlik aralaşýar — hemmeleriň ünsi teleekranlara gönügýär: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlenýär. Dabara gatnaşyjylar hem-de teletomaşaçylaryň millionlarçasy milli Liderimiziň Gutlagyny uly üns bilen diňleýärler. Ajaýyp geljege gadam urýan berkarar Watanymyza bolan ägirt uly buýsanç duýgusy şol dabaraly pursatlarda ähli türkmenistanlylary birleşdirýär. Döwlet Baştutanymyz halkymyzy Täze, 2020-nji ýylyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýylda hemmelere üstünligiň hemra bolmagyny arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz öz Gutlagynda geçen ýylyň esasy wakalaryny, şol sanda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyny, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň düýbüni tutmak, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitindäki «Akýaýla» suw howdanynyň töwereginde durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygy ýaly iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna badalga berilmegini mysal getirdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gysgaça häsiýetlendirip, 2020-nji ýyly garşylaýan pursadymyzda içeri we daşary syýasatymyzyň netijelerine uly baha berdi. Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda «Goý, Täze ýyl parahatçylygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýyly bolsun! Täze ýylda siziň maşgala ojaklaryňyzda agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!» diýip belledi. Birnäçe wagtdan sagadyň dilleri bir nokatda birleşdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra baýramçylyk feýerwerki nurana asmanymyzy bezedi. Täze ýyl täze gadamlar bilen türkmen topragyna gadam basyp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň töweregini dürli yşyklar bilen ýagtylandyrdy. Täze ýyl agşamy dury asmanymyzyň nurly gijelerini dürli yşyklar bilen şöhlelendirip, howada gaýyp bolan, emma ynsan kalbynda süýji arzuw-islegleri galdyran dabaranyň her bir tomaşaçysyna hyýaly «çemenleri» gowşurdy. Elbetde, şol arzuwlar hökman hasyl bolar! Çünki hemmeleri bir maksatda birleşdirýän zat — ýagşylyga we döredijilige bolan höwes, parahat we asuda durmuşyň şatlygy, täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açjak ertirki günümize bolan ynam bolup durýar. Biz Täze ýyly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ak ýollara rowanalygy dowam etmäge taýýar bolan açyk göwünlerimiz bilen garşyladyk. Baýramçylyk feýerwerkinden soň, hormatly Prezidentimiziň sözlerine onuň agtygy Kerim Berdimuhamedowyň sazyny ýazan «Arzuw» aýdymynyň ýaňlanmagy hemmeler üçin ýakymly täzelik boldy. Bu aýdym ilkinji gezek bir ýyl mundan öň ýaňlanypdy we şondan soň ol biziň ähli arzuw-hyýallarymyzyň hökman amala aşjakdygynyň buşlukçysyna öwrüldi. Täze ýyl agşamynda bu aýdymyň hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanmagy ähli halkymyzy ganatlandyryp, ýürekden çykýan iň gowy arzuw bolup eşidildi.

* * *
Täze ýyl agşamy ajaýyp baýramçylyk ähli şäherleri we obalary, Watanymyzyň her bir künjegini gurşap aldy. Tüýs ýürekden çykýan şatlyk duýgulary seýilgählerde we seýilbaglarynda, meýdançalarda we köçelerde, teatr we aýdym-saz sahnalarynda äşgär duýuldy. Täze ýylyň gahrymanlary — Aýazbaba, Garpamyk, 2020-nji ýylyň nyşany bolan syçanjyk, ähli baýramçylyklaryň däbe öwrülen gahrymany Wepaly alabaý bilen bilelikde uly adamlary we çagalary aýdym-sazlaryň şirin owazlarynyň astynda arçalaryň töweregine birleşdirdi. Belli artistleriň, ýaş estrada we sirk artistleriniň, döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda görkezilen dürli öwüşginli teatrlaşdyrylan çykyşlar, joşgunly aýdym-sazly konsertler türkmenistanlylara özboluşly sowgat bolup, adamlaryň baýramçylyk ruhuny belende galdyrdy.

Soňky habarlar
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow