Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak
Jemgyýet
Sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak
Çap edildi 26.12.2019
1683

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 16-njy dekabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bu sebitde ýurdumyzda ilkinji bolup döwlet dolandyryş ulgamyna sanly maglumat tehnologiýalarynyň, şol sanda elektron resminama dolanyşygynyň girizilendigi barada hasabat berdi, bu tehnologiýalar işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, 2019 — 2025-nji ýyllarda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň konsepsiýasyna laýyklykda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň hem-de giňeldilmeginiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşyga gatnaşyjylaryň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryny sanly ulgama tapgyrlaýyn birikdirmek hem-de Ahal welaýatynyň tejribesi esasynda, elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri çaltlandyrmagyň wezipelerine ünsi çekildi. Ýokarda görkezilen konsepsiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine gönükdirilen maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna möhüm ugurlar boýunça çäreleriň işjeň ýaýbaňlandyrylandygy bellenildi. Sebitiň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow bu ulgamda Ahal welaýatynyň tejribesi bilen tanyşdyryp, dürli düzümleriň özara gatnaşyklaryny ýokarlandyrmakda olaryň netijeliligini hem-de welaýat we etraplaryň derejesinde çözgütleri has tiz kabul etmäge, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga amatly mümkinçilikleriň döreýändigini belledi. Çalt özgerýän häzirki zaman dünýäsinde wagt esasy serişdedir. Sanly dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagy bolsa diňe bir kagyz resminamalaryny taýýarlamaga däl-de, olary zerur bolan ýerine ýetirmäge sarp edilýän wagty hem tygşytlamagyň has netijeli guraly bolup durýar, munuň özi gönüden-göni ykdysady bähbitleri hem-de döwlet düzümleriniň işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bu ulgama yzygiderli birikdirilmeginiň uly ähmiýetini hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri çözmekde möhümdigini bellemek gerek. Bu ulgam giň ugurlary öz gerimine alýar, olar şeýle hem milli ulgamlaýyn giňişligiň, internet hyzmatlary toplumynyň kadalaşdyrylmagyny we giňeldilmegini kanunçylyk taýdan goldamagy işläp taýýarlamagy hem öz içine alýar.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow