Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň günorta-gündogaryndaky Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda köp gatly jaýlaryň dördüsiniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Irden owadan şarlar bilen bezelen täze jaýlaryň ýanynda uly türkmen toýuna mahsus ýagdaý döredildi. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda şäheriň dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de köp sanly bagtyýar jaý eýeleri bar. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň derejesine çenli belende göterilen mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak baradaky aladanyň ýaşaýyş jaý gurluşygy boýunça amala aşyrylýan ägirt uly durmuş taslamasynda aýdyň beýanyny tapýandygyny nygtady. Dabara gatnaşyjylar Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we oňaýly dynç almagy babatda hemme şertleri döretmek hakyndaky hemişelik aladasy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlary netijesinde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanýandygyny bellediler. Aşgabat — Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ajaýyp şu gününi hem-de nurana geljegini aýdyň beýan edýän şäherdir. Seýilgählerindäki bagy-bossanlyklara beslenen, köşkleriň altyn gümmezleri hem-de köp sanly suw çüwdürimleriniň kümüşsöw damjalary bilen öwşün atýan şäher döwrebap belent binalaryň we desgalaryň ajaýyp binagärligi bilen täsir galdyrýar. Şol binalaryň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmek we abadanlaşdyrmak baradaky meselelere örän uly üns berip, ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmakdan ybaratdygyny nygtaýar. Bularyň ählisi, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak döwletimiziň durmuş syýasatynyň, hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan hem-de hut özüniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň möhüm ugry bolup, görlüp-eşidilmedik giň gerime eýedir. Munuň aýdyň mysaly hökmünde paýtagtymyzyň dürli etraplarynda her ýylda ulanylmaga berilýän jaýlaryň ýüzlerçesini görkezip bolar. Ine, bu gün hem nobatdaky açylyş dabarasy — Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda gurlan täze jaýlaryň ulanylmaga berilmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ösüşlere beslenen özgertmeleriň ýene-de bir nyşanyna öwrüldi. Şol özgertmeleriň mazmuny «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda beýanyny tapýar. Köp gatly jaýlaryň dördüsinden üçüsiniň her biri 54 hojalyga hem-de biri 108 hojalyga niýetlenendir. Şeýlelikde, şu gün Aşgabatda maşgalalaryň 270-si oňaýly öýleriň açarlaryny aldylar. Şol öýler otaglarynyň ýerleşişiniň amatlylygy, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalary bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu ýerde kömekçi otaglar we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Öýleriň bezeglerinde döwrebap gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanyldy. Muňa hormatly Prezidentimiz aýratyn üns berýär. Täze jaýlary guran potratçylar onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy barada hem alada etdiler. Bu ýerde degişli durmuş düzümleri döredildi, ulag ýoly, yşyklandyryş ulgamy çekildi, baglar we güller ekildi. Her bir binanyň ýanynda aýdymçylar, sazandalar, folklor toparlary çykyş edýärler, aýdymlar we goşgular ýaňlanýar, türkmen halk däp-dessurlary görkezilýän sahnalar ýerine ýetirilýär. Esasy zat bolsa, baýramçylyga bagyşlanan bu çäreleriň ählisinde halkymyzyň öz Watanyna hem-de Arkadagyna bolan buýsanjy beýan edildi. Täze öýleriň eýeleri türkmen myhmansöýerliginiň däplerine görä, myhmanlary öýlerine çagyrdylar. Saçaklarda däp bolan hödür-kerem nygmatlary, ýüreklerde hem-de kalplarda bolsa özara ynama ýugrulan gatnaşyklara bolan tüýs ýürekden şatlyk we açyklyk bar. Öýleriň biriniň ýanynda guwançly türkmen gelin toýy ýaýbaňlanyp, bu toýuň dabarasy görkezildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gadymy däp-dessurlar döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrylýar, şunda ajaýyp maşgala dabarasynyň ruhy täze ösüşine eýe bolýar. Dabaranyň dowamynda iň oňat gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Jaý eýeleri hem sowgatsyz galmady — paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçylary öý eýelerini gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar. Täze jaýyň eýeleri hem-de gurluşykçylar edýän aladasy we ýurdumyzyň raýatlaryna ähli zady häzirki zamanyň hil we oňaýlylyk ölçeglerine gabat gelýän ajaýyp jaýlary edinmäge döredilen mümkinçilikler üçin milli Liderimize çäksiz hoşallyk bildirdiler. Täze jaýlara alyp barýan ýoluň ugrunda owadan ak öýler dikilipdir. Ajaýyp halylar düşelen sekilerde gelin-gyzlar el işleri bilen meşgullanýarlar, tahýa tikýärler, bagşylar ussatlygyny görkezýärler. Ýaş suratkeşler öz eserlerinde baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursatlaryny beýan edýärler, janköýerleriň belent şowhuny astynda pälwanlaryň göreşi, şadyýan milli oýunlar, sport çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Jaýlaryň öňündäki meýdançada gurnalan owadan Täze ýyl arçasynyň ýanynda sazly, şowhunly tansly çykyşlar ýaýbaňlandyrylyp, Täze ýyla, bagtyýar döwrümize hem-de halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli işleri amala aşyrýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan aýdymlar we şygyrlar ýaňlandy. Toý lybasly teatr artistleri çagalar üçin gyş ertekisini sowgat etdiler. Elbetde, bu ýerdäki dabaralara hemmeleriň söýgüli Täze ýyl gahrymanlary bolan Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk hem gatnaşdy. Döredijilik toparlary tarapyndan gadymy türkmen küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi baýramçylygyň jemleýji bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda-da meşhur bolan bu tans milli tans sungatymyzyň özboluşly ýüzüdir. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bagy-bossanlyklary döretmek üçin bölünip berlen ýere baryp, agaç nahallaryny oturtdylar. Ýaşaýşyň hili — munuň özi ekologiýanyň abadançylygydyr, adamlaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin oňat şertlerdir. Şu maksat bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça uly işler ýaýbaňlandyryldy, serişde we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar hem-de beýlekiler ornaşdyrylýar. Şanly waka mynasybetli toý sadakasy berlip, onda milli Liderimiziň mähriban halkymyzyň abadançylygyna we bagtyýarlygyna gönükdiren işlerinde üstünlikler dileg edilip, aýat-doga okaldy. Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynyň täze binalarynyň ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň — döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň dabaralanýan döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolsa, halkymyzyň mynasyp durmuşy üçin hemme şertleriň döredilmegi bolup durýar.