Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresi
Jemgyýet
S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresi
Çap edildi 21.12.2019
1567

Şu gün paýtagtymyzyň «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy» seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy. Watan öňünde uly hyzmat bitiren şöhratly ogullaryny, edermen ata-babalaryny, gurban we şehit bolanlary ýatlamak halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän, gadymdan gözbaş alýan hem-de häzirki wagtda baýlaşdyrylýan asylly däpleriň biridir. Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasaty netijesinde ynsanperwer maksatlaryň esasynda bu işi kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy oktýabrynda Ýatlama güni mynasybetli döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyny tutdy. S.A.Nyýazowyň heýkeline gül çemeni goýuldy we aýat-doga okaldy. Watanymyzyň özygtyýarlylygyny goramak, dünýä giňişliginde Türkmenistany ykrar etdirmek boýunça Saparmyrat Nyýazowyň uly işleri bitirendigini bellemek bilen milli Liderimiz şol işleriň unudylmaly däldigini aýtdy. Olaryň umumadamzat ähmiýetine eýe bolan ynsanperwer däpleriň mynasyp dowamynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol işleri halkymyzyň gadymdan gözbaş alýan asylly ýörelgelerine laýyklykda dowam etmegiň möhümdigini belledi. ...Ir bilen paýtagtymyzyň «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy» seýilgähiniň öňündäki meýdançada Mejlisiň, din hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we köp sanly aşgabatlylar ýygnandylar. Bu ýadygärlik hem-de iki ýyl mundan ozal milli Liderimiziň başlangyjy bilen Gypjakda açylan muzeý türkmen halkynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň gazanylmagyna, özygtyýarlylygynyň berkidilmegine we Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegine uly goşant goşan Saparmyrat Nyýazowyň ýagty ýadygärligini hatyralap, bu ýörelgelere ygrarly bolmagynyň aýdyň mysallary bolup durýar. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinde başlanan ýol gerimi boýunça ägirt uly wezipeleri çözmäge gönükdirilendir, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde üstünlikli çözülýär. Baý taryhy tejribä hem-de milli däplere daýanmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda özygtyýarlylygy pugtalandyrmaga, durnukly durmuş-ykdysady ösüşe, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmäge, ata Watanymyzyň abraýyny halkara giňişliginde has-da artdyrmaga gönükdirilen döredijilikli syýasat durmuşa geçirilýär. Düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistan döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ýadygärligine goýlan gül çemenleri we desseleri türkmen milletiniň görnükli ogullarynyň birine çuňňur hormatyň beýanyna öwrüldi.

Soňky habarlar
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow