Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Efiopiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Efiopiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 19.12.2019
897

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Girma Temesgen Barkessadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi, öz nobatynda, hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip hem-de milli Liderimize Efiopiýanyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirip, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşligiň barşynda ilçi dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ugur edinýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan, döwletiň we jemgyýetiň okgunly ösmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmelere aýratyn üns berildi. Türkmen-efiopiýa hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni ulgamlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi. Şeýle hem ilçi Mejlisiň düzümi hem-de alyp barýan işleri, türkmen Lideriniň başyny başlan demokratik özgertmeleriniň kanunçylyk taýdan üpjün edilmeginde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy. Döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty giň halkara goldawyna eýe bolan Bitarap Türkmenistanda Efiopiýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtmak bilen, ilçi öz tarapyndan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy. *** Şeýle hem şu gün Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Girma Temesgen Barkessa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, bu ýerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow