Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Aral babatda BMG-niň Maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeler geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Aral babatda BMG-niň Maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeler geçirildi
Çap edildi 18.12.2019
829

Şu gün Daşary işler ministrliginde Aral deňziniň sebitindäki ýurtlar üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Bu duşuşyk Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň geçen ýyl ýurdumyzda geçirilen sammitiniň jemleri boýunça bilelikdäki Beýannamasyna hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2018-2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» hakynda kabul edilen Kararnamalaryna laýyklykda guraldy. Geňeşmelere AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň agentlikleriniň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän beýleki halkara guramalaryň we daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş düzümleriniň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ýer ýüzünde bolup geçýän ählumumy howanyň üýtgemegini nazara alanyňda, Aral deňziniň çylşyrymly meseleleri öz ekologiýa we durmuş-ykdysady netijeleri boýunça sebitiň çäklerinden uzaklara çykyp gidýär. Bu wezipäniň üstünlikli çözülmegine umumy tagallalaryň birleşdirilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki degişli düzümleriň işjeň gatnaşmagy gerek. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aral deňziniň sebitindäki ýurtlar üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy hakyndaky başlangyjynyň ähmiýetlidigi nygtaldy. Bu başlangyç «Rio+20» durnukly ösüş boýunça BMG-niň maslahatynda, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, beýleki iri halkara forumlarda öňe sürüldi. Türkmenistanyň bu ugurda, şol sanda 2017 — 2019-njy ýyllarda AHHG-a başlyklyk etmeginiň çäklerinde eýeleýän netijeli garaýşy, amala aşyrýan yzygiderli çäreleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Geçen ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlygyň barşynda AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan ýokarda agzalan maksatnama işlenip taýýarlandy. Bu maksatnamanyň esasy wezipesi sebitde Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak üçin AHHG-nyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybaratdyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen makullanan, Aral deňziniň sebitiniň ýurtlary üçin BMG-niň geljekki Ýörite maksatnamasynyň görnüşini we mazmunyny kesgitlemek üçin geçirilýän häzirki köptaraplaýyn geňeşmeler deňziň guramagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça netijeli halkara guraly döretmegiň ýolunda ýene bir anyk çäre bolmaga gönükdirilendir. Duşuşygyň barşynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we dolandyrmak, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, şeýle hem bu ugurlarda anyk çäreleri işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek ýaly döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem halkara guramalar we maliýe institutlary bilen birlikde, Aral deňziniň sebitinde we beýleki ýerlerde suw hojalyk, ekologiýa hem durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylyşyna seredildi. Ýygnananlar duşuşygyň jemini jemläp, onuň netijeli bolandygyny bellediler hem-de bilermenler tarapyndan taýýarlanylyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň we BMG-niň degişli düzümleriniň garamagyna berlen jemleýji resminamada aýdylan teklipleriň öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirdiler. Şeýle hem AHHG-nyň tejribesiniň Ýer ýüzüniň beýleki sebitlerindäki şuňa meňzeş meseleleriň çözülmegi üçin peýdaly bolup biljekdigi nygtaldy. Geljekde hut Aral deňzi üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasy içerki suw göwrümleri boýunça BMG-niň köptaraply resminamalaryny işläp taýýarlamak üçin meýdança bolup biler. Halkara guramalaryň wekilleri milli Liderimiziň netijeli syýasy strategiýasyna ýokary baha berdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz Aralyň çylşyrymly meseleleri bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipeleriň özara ylalaşykly we sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýar.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow