Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Suw-energetika serişdelerini peýdalanmakda dünýä tejribesi öwrenilýär
Syýasy habarlar
Suw-energetika serişdelerini peýdalanmakda dünýä tejribesi öwrenilýär
Çap edildi 17.12.2019
932

Şu gün BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekilhanasynda suw-energetika serişdelerini netijeli peýdalanmak işinde täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ulanylmagyna bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahata Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň, GIZ, USAID guramalarynyň wekilleri gatnaşýar. Maslahatda halkara bilermenleri hökmünde Beýik Britaniýadan, Kanadadan we Russiýa Federasiýasyndan bolan hünärmenler degişli ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesine synlary bilen çykyş etdiler. Merkezi Aziýada suw-energetika hyzmatdaşlygyny yzygiderli amala aşyrmak üçin BMG-niň utgaşdyrmagynda Maksatlaýyn iş toparyny döretmegiň mümkinçiliklerine seretmek, bu ugurda sebitiň döwletleriniň özara gatnaşyklaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmek, innowasion suw tygşytlaýjy tehnologiýalary işjeň ulanmak duşuşygyň wezipeleriniň biri bolup durýar. Suw meselelerini çözmekde halkara tejribäni öwrenmek we uýgunlaşmak babatda Türkmenistanyň netijeli ugry hem-de yzygiderli görýän çäreleri BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň, Kiota teswirnamasynyň we Pariž ylalaşygynyň tassyklanylmagynda hem öz beýanyny tapdy. Şonuň bilen biziň ýurdumyz daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça wezipeleri çözmekde täzeçil çemeleşmesini görkezýär. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 28-nji maýda geçirilen 73-nji maslahatynyň 85-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan «Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Dünýäniň 21 döwleti onuň awtordaşlary hökmünde çykyş etdi. Daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak hem-de onuň ýaramaz täsirini peseltmek boýunça işiň esasy ugurlaryny kesgitlemek babatda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek, şeýle hem ýurdumyzyň gatnaşýan halkara-hukuk resminamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Karara gol çekip, Howanyň üýtgemegi boýunça milli maksatnamanyň rejelenen görnüşini tassyklady. Maslahat suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň sebit tejribesini alyşmagy ugur edinip, bilelikdäki özara bähbitli çözgütleriň kabul edilmegine, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ugurdaş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny innowasion ösüş ýoluna çykarmagy çaltlandyrmaga, içerki suw howdanlary, şeýle hem serhetüsti suw akymlary ulanmakda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam eder. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebitiň möhüm meseleleriniň, şol sanda suw serişdelerini dolandyrmak hem-de oýlanyşykly peýdalanmak bilen bagly derwaýys meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça anyk we netijeli çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Özbegistana bolan saparynyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň suw meselelerine garamagyň we ony çözmegiň halkara hukugyň umumylykda ykrar edilen kadalarynyň, sebitiň ähli döwletleriniň özara hormatynyň we bähbitlerini nazara almagyň esasynda hem-de ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň gatnaşmagynda amala aşyrylmalydygy baradaky garaýşyny beýan etdi. Şeýle hem şonda bellenilişi ýaly, iki dostlukly ýurtlar suw hojalyk meselelerini çözmekde oňyn tejribä eýe bolup, degişli hünärmenleriniň yzygiderli duşuşmak tejribesi ýola goýuldy. Şeýle hem şu gün — 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn geňeşmeleri geçiriler.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow