Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi
Çap edildi 16.12.2019
888

Şu gün, 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi. Türkmen tarapyndan resminama Daşary işler ministri Raşid Meredow gol çekdi. BMG tarapyndan agzalan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gol çekdi. Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we bu ugurda BMG-niň düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça işleri alyp barmagy göz öňünde tutulýar. Taslama Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň milli derejede Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki işleriniň çäklerinde amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan global Durnukly ösüş maksatlaryny hökümet derejesinde kabul eden ilkinji ýurtlaryň biridir. Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlary Türkmenistanyň milli syýasatynda düýpli ornaşdyrylandyr we häzirki wagtda DÖM-nyň köp meseleleri ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli we pudaklaýyn maksatnamalarda öz beýanyny tapdy. Gol çekilen bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramlary bilen BMG-niň degişli edaralarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny berkitmekde we giňeltmekde hukuk esasyny döreder.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow