Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynda bolup, Şapolat atly bedewi bilen didarlaşdy Hormatly Prezidentimiz ajaýyp bedewi bilen birsellem gezim etdi we bedewi eýerläp, çapuw ýodasyna çykdy. Milli Liderimiz bu ýerde bedewi öz erkine goýberdi we ony gorgunyna çapdy. Milli we dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan behişdi bedewler tebigy gözelligi hem-de ajaýyplygy, wepadarlygy, örän ösen üşügi bilen tapawutlanýar. Halkymyz bedewler bilen beýik ýörelgelerini, dünýägaraýşyny we uly üstünliklerini baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda geçmişiň, häzirki döwrüň we geljegiň arabaglanyşygy barada gürrüň berilýär. Şeýle hem türkmen bedewiniň gözelligiň, kämilligiň, wepalylygyň, tebigy sazlaşygyň we ynsan zehininiň hem-de zähmetsöýerliginiň özboluşly beýanyna öwrülendigi barada milli Liderimiz özüniň edebi eserlerinde belleýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öz eserleriniň birinde türkmenleriň ygtybarly dosty hem-de hemrasy, hemişelik alada we tagalla bilen gurşalyp alnan, buýsanjy hem-de söýgüsi bolan bedewlerimiziň asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň iň bir ajaýyp hem-de adatdan daşary sarpa goýýan keşbine — agzybirligiň, döredijilik güýjüniň, kämilligiň we täze ýeňişleriň belentliklerine tarap okgunly hereketiniň nyşanyna öwrülendigini ýazýar. Bu gün ahalteke bedewi Diýarymyzyň öz ösüşinde bedew bady bilen ägirt uly üstünlikleri gazanýandygynyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Milli Liderimiz tutuş kalby bilen bedewlere halkymyzyň belent sarpasyny, mährini siňdirip, olar baradaky aladany, ahalteke tohumly bedewleriň arassalygyny gorap saklamak, sanyny artdyrmak hem-de wagyz etmek, atçylyk sungaty ýörelgeleriniň dowamatlylygyny üpjün etmek we döwrebap tehnologiýalar bilen baýlaşdyrmak işlerini döwlet syýasaty derejesine çykardy. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy, hakykatda, nesilleriň we iň gowy däp-dessurlaryň, öçmejek gymmatlyklaryň nyşanydyr, bu gymmatlyklar bolsa milleti, onuň täsin medeniýetini, ruhy keşbini we akyl-paýhasyň, hoş niýetiň hem-de rowaçlygyň dabaralanmagyna üýtgewsiz ynamy kemala getirdi. Türkmen halky ahalteke bedewlerine bagyşlanan köp sanly nakyllary hem-de pähimleri aýawly saklap, biziň günlerimize çenli ýetirdi. Bedewler ähli döwürlerde we ähli zamanalarda ata-babalarymyzyň beýik işleriniň wepaly kömekçileri bolupdyr hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde bu gün milli buýsanjymyza we adamzadyň çäksiz baýlygyna öwrüldi. Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän okgunly özgertmeleri beýan etmek üçin adata öwrülen “bedew bady bilen” diýen jümläni peýdalanýarys. Bu jümle halkymyzyň belent ruhuny we döwletimiziň, jemgyýetimiziň hem-de ykdysadyýetimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki belent ösüş depginlerini has dürs we aýdyň beýan edýär. Asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerimize laýyklykda, bu gün bedewler ýurdumyzda guralýan baýramçylyklaryň, şanly seneleriň we toýlaryň baş bezegine öwrülýär. Uly şatlyk-şowhun bilen geçirilýän at çapyşyklary bu ugurda däp-dessurlaryň goralyp saklanylýandygynyň we dowam etdirilýändiginiň, şeýle hem halkymyzyň öz milli gymmatlyklarynyň hem-de taglymlarynyň töwereginde mäkäm jebisleşýändiginiň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz atly gezelenji tamamlap, bu ýerden ugrady. *** Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumyna geldi. Bu ýerde milli Liderimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maşklary ýerine ýetirdi. Halkymyzyň saglygy barada alada, adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Diýarymyzdaky ähli özgertmeleriň, üstünlikli amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň esasynda sagdyn durmuş ýörelgesine möhüm üns berilýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri adamlara öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Munuň şeýledigini milli Liderimiz şahsy göreldesi bilen tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynyň bouling zalyna bardy. Sportuň ähli görnüşlerinde bolşy ýaly, boulingde ýokary netije gazanmak üçin ünsüň bir ýere jemlenmegi, hereketleriň takyklygy zerur bolup durýar. Soňra milli Liderimiz sport toplumynyň trenažýor zalynda birnäçe sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bolan söhbetdeşlikde sport enjamlarynyň her birini öz ähmiýetine görä peýdalanmagyň hem-de dürs ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Sport maşklaryny ýerine ýetirmek adamyň döredijilikli zähmeti, durmuş işjeňligi we ruhubelentligi üçin ähmiýetlidir. Olimpiýa şäherçesinde oturdylan dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň sport enjamlary niýetlenen ähmiýetine doly gabat gelýär hem-de adamyň saglygyny berkidýär we bedenterbiýe bilen meşgullanýanlaryň işjeňligini ýokarlandyrýar, ýokary netijeli sport bilen meşgullanýanlar üçin bolsa ýurdumyzyň halkara derejede sport abraýyny belende götermekleri üçin ähli şertleri döredýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalary kabul edildi we bu ugurda toplumlaýyn özgertmelere badalga berildi. Ähli sebitlerde halkara ölçeglere gabat gelýän sport desgalary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri we şypahanalar guruldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ulgamyndaky syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, Diýarymyzda iri ýaryşlaryň yzygiderli guralmagy türkmen türgenleriniň bütindünýä sport hereketindäki işjeňligini artdyrmak bilen bir hatarda, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň, esasan-da, ýaşlaryň sanynyň artmagyny şertlendirdi. Her ýylda mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, pudaklaryň hem-de sebitleriň toparlarynyň arasynda geçirilýän spartakiadalar ýaşlar üçin sagdynlyga, beden we ruhy taýdan kämillige ýetmek bilen, beýik ýeňişleriň başlangyjy bolup durýar. “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” şygary astynda geçirilýän köpçülikleýin ýaryşlara watandaşlarymyzyň müňlerçesi gatnaşýar hem-de döwrüň umumymilli ýörelgesine öwrüldi. Milli Liderimiz sport maşklaryny ýerine ýetirmegiň dowamynda bu ýerdäki türgenleşik enjamlarynyň aýratynlyklary barada şolaryň her biriniň adam synasyna özboluşly täsiri dogrusynda gürrüň berdi. Maşklaryň dürs ýerine ýetirilmegi onuň netijeliligini we peýdasyny üpjün edýär hem-de adam bedenine, saglygyny saklamaga oňyn täsirini ýetirýär. Beden maşklary adamyň ruhuna, düşünjesine, ünsüne oňyn täsir edip, şahsy häsiýetleriniň kemala gelmegine, has takygy, tutanýerliligiň, erk-islegiň, zähmetsöýerligiň ösmegine ýardam edýär hem-de işjeň durmuş ýörelgesini döretmäge ýol açýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz baş maksadyň halkymyzyň saglygyny goramakdan hem-de berkitmekden, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden ybaratdygyny belleýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňeldilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara olimpiýa komiteti hem-de halkara sport federasiýalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda dünýä derejeli ýaryşlar geçirilýär. Muňa 2020-nji ýylda Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny, 2021-nji ýylda bolsa Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi-de güwä geçýär. Şeýle hem Olimpiýa şäherçesinde 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagtynda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparlarymyzyň taýýarlyk türgenleşikleri güýçli depginde alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy netijesinde halkymyzyň saglygynyň berkidilmegi, ilatyň arasynda, aýratyn-da, ösüp barýan ýaş nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäniň wagyz edilmegi ugrunda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiz sport maşklaryny tamamlap, bu ýerden ugrady. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bolsa maşklary dowam etdiler, toparlara bölünip, sportuň dürli görnüşleri boýunça özara bäsleşikleri guradylar.