Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda neşe serişdelerini ýok etmek çäresi geçirildi
Jemgyýet
Türkmenistanda neşe serişdelerini ýok etmek çäresi geçirildi
Çap edildi 14.12.2019
1394

Şu gün Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Bagabat şäherçesiniň golaýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalary hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy. Ýurdumyzyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky Döwlet utgaşdyryjy toparynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen çärä hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Asylly däbe görä, bu çärä hormatly ýaşulular we okuwçy ýaşlar çagyryldy, olaryň hatarynda ýaş suratkeşler hem bar, olar hut çäräniň geçirilýän ýerinde dürli suratlary çekdiler, bu suratlarda ýaşlar şu günki waka öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Geçen ýyldan bäri döwürde ele salnan neşe serişdeleri, temmäki we gadagan edilen derman önümleri bu ýere ýygnananlara görkezildi. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy netijesinde we harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly hereketleri arkaly Türkmenistanyň çäginden bikanun geçirilýän gadagan edilen serişdeleriň mukdarynyň görnetin azalýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem şunuň ýaly çemeleşmeleriň öňi alynýar. Bu wehimiň ýaýradylmagyna ygtybarly garşy durmak ýurdumyzda hökümet we kanunçylyk derejesinde üpjün edilýär. Oňa raýatlyk jemgyýetçiligi-de işjeň gatnaşýar. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş pudagara çemeleşmeler esasynda barlyşyksyz häsiýete eýe bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belleýär. Bu günki çärä gatnaşyjylaryň her biri döwletimiziň häzirki zamanyň howply wehimlerine garşy durmak we mähriban halkymyzyň saglygyny, abadançylygyny goramak tagallalaryny goldap, ýörite peçlerde ýakylýan oda ölüm howply serişdeleri bolan gutulary öz elleri bilen okladylar. Düzgünnama laýyklykda, neşe serişdelerini ýakmak çäresi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we ygtyýarly bilermenleriň gözegçiligi astynda geçirildi. Neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna garşy göreşi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlän Türkmenistan häzirki döwürde köp ýurtlar üçin nusgalyk görelde bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap stadionlary, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport zallary hem-de ýüzülýän howuzlary bolan mekdepler gurulýar we yzygiderli ulanmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly anna güni geçirilen mejlisinde mekdeplerde hepdede üç gezek bedenterbiýe sapagyny girizmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Munuň özi sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işde nobatdaky ädime öwrüler. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary, kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlerini ýakmak boýunça Bagabat şäherçesiniň golaýynda geçirilen çärä gatnaşyjylar ýaramaz ýagdaýa, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine garşy gönükdirilen umumy göreşe goşulmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
30.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.12
Çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
29.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.12
Geljek ýylda ösüşiň belent sepgitlerine tarap
29.12
Ýurt garşy alsyn!
29.12
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 972 müň dollaryndan gowrak boldy
27.12
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
27.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow