Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 10.12.2019
967

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny hanym Neda Bergeri kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, milli Liderimizi ýetip gelýän baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Bilelikdäki jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy hökmünde hanym Berger halkara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda medeni gatnaşyklar arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly ýagdaýyň döredilmegine goşant goşýandygynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz döredijilik taslamalary bilen hyzmatdaşlygy artdyrmakda görkezýän tagallalary üçin Neda Bergere minnetdarlyk bildirip, onuň ýolbaşçylyk edýän jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň ähmiýetini nygtady. Bu jemgyýet ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostluk, işewürlik, döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, maglumatlary alyşmak babatynda uly işleri geçirýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça hem-de bu jemgyýetiň gatnaşmagynda bilelikdäki Türkmen-awstriýa “Galkynyş” simfoniki orkestri döredildi. Şu ýyl Aşgabatda bu orkestriň döredilmeginiň 10 ýyllyk senesi aýdyň öwüşginli baýram hökmünde bellenildi. Şol günler türkmen paýtagtynda ýene bir ajaýyp däbe öwrülen çäre — IV Wena baly geçirildi. Şunuň ýaly iri çärelerden başga-da, geçen döwürde köp sanly duşuşyklar, tanyşdyryş çäreleri, sergiler guraldy. Şeýle hem Ýewropanyň ykrar edilen medeni merkezi bolan Wena şäherinde türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy. Awstriýa-Türkmen jemgyýeti internetde öz saýtynyň sahypalarynda türkmen halkynyň taryhy, mirasy, Türkmenistanyň ägirt uly gazananlary we üstünlikleri barada gürrüň berýän habarlary ýerleşdirýär. Myhman 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljakdygyny belläp, diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň durmuşynda şanly waka öwrülen bu sene mynasybetli Awstriýanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda giň möçberli medeni maksatnamanyň taýýarlanylýandygyny, şeýle hem halkara derejedäki döredijilik çäreleriniň toplumyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Neda Bergeriň türkmen halkynyň öňden gelýän dostudygyny belledi. Milli Liderimiz döwletimiziň hemişe Awstriýa, şeýle hem gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigini nygtap, netijeli medeni hyzmatdaşlygy dowam etmek baradaky pikirini beýan etdi. Milli Liderimiz iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň häzirki zaman medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmagy üçin Türkmenistana awstriýaly artistleri we döredijilik toparlaryny has ýygy-ýygydan çagyrmagy, ugurdaş çäreleri guramagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň Diýarymyzda we daşary ýurtlarda belleniljek ýylynda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň maksatnamasyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Awstriýadaky Medeniýet günlerini geçirmegi we Aşgabatda geçiriljek bäşinji Wena balyny bu şanly senä gabatlap guramak barada pikiri aýtdy. Myhman jemgyýetiň alyp barýan işlerine hemişe üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Awstriýanyň jemgyýetçiligi hem-de işewürler toparlary tarapyndan belent halkara abraýa eýe bolan we ajaýyp ykdysady üstünlikleri bilen haýran galdyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly gyzyklanmanyň bardygyny nygtady. Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy iki dostlukly ýurduň arasynda medeni gatnaşyklaryň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk we ösüş baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow