Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 10.12.2019
898

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Işewür duşuşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallygyny beýan edip hem-de pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady, türkmen halkyna bagt we abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Erman Ylyjak soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylýan hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine we halkara derejede abraýynyň belende göterilmegine kuwwatly itergi beren giň gerimli özgertmelere ýokary baha berip, kemala gelen üstünlikli hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýtdy hem-de öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň hyzmatdaşlyga örän jogapkärli çemeleşýändigini, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň öz ykdysady ösüşinde belli daşary ýurt korporasiýalarynyň, şol sanda Türkiýe Respublikasynyň kompaniýalarynyň innowasiýa häsiýetli işläp taýýarlamalaryny peýdalanmagy ugur edinýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, dünýäniň iri işewürler toparlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolýar, şähergurluşyk, şeýle hem senagat ulgamlarynda giň gerimli bilelikdäki taslamalara öwrülýär. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegi daşary ýurt işewürler bileleşikleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikler açýar. Muňa «Rönesans Holding» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawod hem şaýatlyk edýär. Duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman özara bähbitlere esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Erman Ylyjak döwlet Baştutanymyza dürli maksatly düzümleýin desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly kompaniýa ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenilen ähli gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň we bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň netijeli işi üçin giň mümkinçilikleriň döredilen ýurdy bolan Türkmenistan bilen oňyn we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly hormatdygyny ýene bir gezek nygtap, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow