Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 10.12.2019
665

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Egidiýus Nawikasdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Litwanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. Öz gezeginde doly ygtyýarly wekil Litwa Respublikasynyň ýolbaşçy düzüminiň hormatly Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna ýakynlaşyp gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iberen gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol sebitde parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ykrar edilen we ählumumy abadançylygyň bähbidine oňyn hem-de netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny şertlendirýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Duşuşygyň dowamynda Egidiýus Nawikas Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň dürli ýurtlary we abraýly halkara guramalar bilen ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimiziň mümkinçilikleriniň köpugurly esasda ösdürilmegine gönükdirilen hem-de sebitlerde häzirki zaman düzüminiň täzeçil esasda ösdürilmegini, halkymyzyň abadançylygynyň we durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny nazarlaýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagyna möhüm üns berildi. Litwaly diplomat milli parlamentimiziň düzümi hem-de onuň köpugurly işi, şol sanda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, konstitusion özgertmeleri geçirmek we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen tanyşdyryldy. Halkara gün tertibiniň, şol sanda Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi görnüşindäki gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän oňyn syýasat netijesinde üstünlikli ösýän ykdysadyýetiň söwda-ykdysady, ulag we beýleki pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki dostlukly halkyň özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirýän medeni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow