Şu gün Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Gökdepe etrabynyň sazlaşykly ösýän we ilaty köpelýän künjeginiň suw üpjünçiligini durnuklaşdyrmak maksady bilen, «Ýaňgala» geňeşliginiň çäginde gurlan suw paýlaýjy bekediň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde guralan dabara Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýerli edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk joşguny bilen geçirilen dabara gatnaşyjylaryň öňünde sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Şolarda «Suw damjasy — altyn dänesi» ýörelgesine bagyşlanan çykyşlar, ata Watanymyzy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar boldy. Ýaşuly nesliň wekilleri welaýatda we etraplarda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň ähmiýeti barada aýdyp, halkymyz hakynda edýän aladasy we milletimiziň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlary üçin ýerli ilatyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Dabara gatnaşyjylar bu ýerde täze suw paýlaýjy bekediň enjamlaşdyrylyşy, işi, tehniki-ykdysady ölçegleri bilen tanyşdyrýan wideofilme tomaşa etdiler. Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilen bekediň gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metre barabar kuwwaty bar. Ol «Ýaňgala» geňeşliginiň çägindäki dik guýular bilen suw geçiriji arkaly baglanyşdyryldy. Şolardan suw bekediň howuzlaryna gelýär we arassalaýjy süzgüçlerden geçirilip, degişli derejä çenli arassalanýar. Şeýlelik bilen, arassa suw sorujy bekediň üsti bilen Gökdepe şäheriniň we etrabyň daýhan birleşikleriniň ilatyny suw bilen üpjün etmek üçin paýlaýjy ulgama geçýär. Beketde alnyp barylýan ähli işler awtomatlaşdyryldy we onuň hereketine dürli enjamlar hem-de gurnamalar arkaly dolandyryş serişdesiniň üsti bilen gözegçilik edilýär. Bekediň önümçilik toplumyna suw sorujy enjam, her biriniň göwrümi 10 müň kub metre barabar bolan üç sany howuz, üç süzgüç enjamlary, suwy hlordan arassalaýan bölüm, elektroliz, transformator otaglary, şeýle hem edara ediş binasy girýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýar. Ýurdumyzyň ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösüşi ähli ugurlarda giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine şert döredýär. Watanymyzyň sebitlerinde ýokary amatlylygy bolan ýaşaýyş jaýlary, iri önümçilik kärhanalary we durmuş maksatly desgalary bilen täze etraplar, şäherler we obalar kemala gelýär. Bu bolsa düzümleýin ulgamlaryň, şol sanda suw üpjünçiliginiň giňeldilmegini we döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda toplumlaýyn maksatnama amala aşyrylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden çykyşynda milli Liderimiz ýurdumyzyň «Gün tertibi — 2030-yň» suw serişdeleri bilen degişli derejede üpjün etmek, rejeli peýdalanmak we hemmeler üçin arassaçylyk ýaly maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Ahalda täze suw paýlaýjy bekediň açylmagy mynasybetli guralan şu günki dabara bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolýandygynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.