Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda
Çap edildi 01.12.2019
2700

1-nji madda Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler boýunça 84 391,7 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 84 291,7 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 23 382,0 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 23 282,0 mln. manat möçberde tassyklamaly. 2-nji madda Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler boýunça 76 443,2 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 76 343,2 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler boýunça 15 433,5 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 15 333,5 mln. manat möçberde tassyklamaly. 3-nji madda Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2020-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

goşulan salgytdan salgytdan ýerasty baýlyklardan
baha üçinpeýdadan alynýanpeýdalanmak üçin salgytdan
Aşgabat şäheri 2,8% 2,8% 2,8%
Ahal welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Balkan welaýaty 23,0% 23,3% 23,0%
Daşoguz welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Lebap welaýaty 100,0% 100,0% 100,0%
Mary welaýaty 83,0% 81,2% 83,0%
4-nji madda 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 1 945,5 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:
Ahal welaýaty 88,3 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 362,0 mln. manat
Lebap welaýaty 495,2 mln. manat
5-nji madda Ýerli býujetleri 9 894,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:
Aşgabat şäheri 1 790,7 mln. manat
Ahal welaýaty 1 310,0 mln. manat
Balkan welaýaty 1 208,8 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 823,2 mln. manat
Lebap welaýaty 1 975,1 mln. manat
Mary welaýaty 1 786,2 mln. manat
6-njy madda Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli. 7-nji madda Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary we bank karzlary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli. 8-nji madda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow