Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Çaganyň hukuklary boýunça Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenildi
Jemgyýet
Türkmenistanda Çaganyň hukuklary boýunça Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenildi
Çap edildi 20.11.2019
1813

2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çaganyň huhuklary hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli çäre geçirildi. Bu çärä UNICEF-yň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, Türkmenistanyň Bilim ministri M.Geldinyýazow, UNICEF-yň hünärmenleri, DÖM-nyň ýaş ilçileri, ýurdumyzda akkreditirlenen beýleki halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň hem-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Bilim ministri we UNICEF-yň Türkmenistandaky wekili giriş sözleri bilen çykyş etdiler we çykyşlarynyň dowamynda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň taryhy barada gysgaça gürrüň bermek bilen, Konwensiýanyň 30 ýyllygynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kämilleşdirilmegine itergi bermekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Çagalaryň hukuklary bilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginiň berk baglanyşyklydygy barada hem bellenilip geçildi. Çäräniň barşynda Konwensiýanyň kabul edilen pursadyndan bäri beýleki ýurtlaryň tejribesi barada, halkara guramalaryň we KHBS-niň çagalaryň huhuklarynyň kämilleşdirilmeginde, çagalaryň hukuklary we bu ugurda işleri alyp barmaklygy hem-de hususyýetçiligiň sosial jogapkärçiligi barada aýdyldy. DÖM-nyň ýaş ilçileri «Biziň çagalarymyz we ýaşlarymyz üçin isleýän Dünýämiz» atly tema boýunça çykyş etdiler. Şeýle-de, çäräniň dowamynda Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem-de Türkmenistandaky çagalaryň arzuwlary we maksatlary şöhlelendirilen wideo-maglumatlary görkezildi. Çäräniň ahyrynda Türkmenistanda we bütin dünýäde Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany girizmegiň netijeleri hem-de ähli ýerlerde çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň kämilleşdirilmegini goldamak barada aýdyldy we UNICEF-yň wekilleri bilen çärä gatnaşyjylaryň arasynda sorag-jogap alyşdylar.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow