Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 14.11.2019
1020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasry kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şu ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary berkitmäge we işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz Katar Döwletiniň ýolbaşçylaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, dostlukly türkmen-katar gatnaşyklaryna birek-birege hormat goýmak we netijeli häsiýetiň mahsusdygyny belledi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň mart aýynda Katar Döwletine bolan döwlet saparynyň, şeýle hem Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň şondan bir ýyl öň Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz we dostlukly ýurduň ilçisi özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dürli ugurlardaky netijeli işewür gatnaşyklaryň ösdürilýändigi barada aýdyldy. Tutuş dünýäde durnukly ösüşiň möhüm şertini emele getirýän nebitgaz pudagy we ulag ulgamy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Katar ykrar edilen energetika döwletleri we tebigy gazy eksport edýän öňdebaryjy ýurtlar bolmak bilen, bu wajyp ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirýän ulag-üstaşyr ugurlarynyň halkara düzümlerini kemala getirmek boýunça taslamalaryň wajyp ähmiýete eýedigi bellenildi. Şeýle-de, söwda, maýa goýum, senagat we tehnologiýa pudaklarynda uzak möhletleýin esasdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, onuň ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän Hökümetara türkmen-katar toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýan däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Sport ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurtlaryň ikisi-de bu ugruň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz we Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, olaryň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine hem-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow