Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Mary welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, mehanizatorlaryna, ýygymçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
Syýasy habarlar
Mary welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, mehanizatorlaryna, ýygymçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
Çap edildi 05.11.2019
783

Gadyrly Mary welaýatynyň «ak altyn» ussatlary! Siziň ähliňizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli ýerine ýetirendigiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin. Mary welaýatynyň edermen pagtaçylary ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Gazanylan bu üstünlik welaýatyň «ak altyn» ussatlary, ähli oba zähmetkeşleri üçin örän uly abraýdyr. Welaýat boýunça bu zähmet ýeňşini gazanmakda pagtaçy kärendeçileriň, hususy pagta öndürijileriň, kämil tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň, suw hojalyk işgärleriniň, oba hojalygyny, onuň pagtaçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýan adamlaryň ählisi ýadawsyz zähmet çekip, özleriniň mynasyp goşandyny goşdular. Ata Watanymyzyň ähli ugurlarda ýokary ösüşlere beslenýän we täze belentliklere göterilýän ajaýyp zamanynda, türkmen halkynyň durmuşynda täze milli we ruhy galkynyşlaryň barha dabaralanýan şu günlerinde siziň yhlasly we tutanýerli zähmetiňiziň netijesinde, ýurdumyzyň «ak altynly» harmanlary barha beýgelýär. Welaýatyň edermen babadaýhanlarynyň agzybirlik bilen çeken zähmetiniň netijesinde, Watan harmanyna 313 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryldy. Welaýat boýunça pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegine aýry-aýry etraplaryň pagtaçylary has-da saldamly goşant goşdular. Bu ugurda welaýatyň Ýolöten, Tagtabazar we Türkmengala etraplarynyň «ak altyn» ussatlarynyň çeken tutanýerli zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly pagtaçylar! Biz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we özgertmek boýunça köp sanly kararlary, çözgütleri kabul edýäris. Biziň oba hojalygyndaky esasy maksadymyz ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ýerden we suwdan netijeli peýdalanmak, ylmyň we agrotehnikanyň iň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyryp, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda döredilen azyk bolçulygyny has-da berkitmek hem-de özümizde öndürilýän dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenýän möçberini artdyrmak bolup durýar. Berkarar Watanymyzda oba zähmetkeşleriniň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýäris hem-de babadaýhanlarymyzyň halal zähmetine mynasyp baha berýäris. Munuň özi olary täze zähmet üstünliklerini gazanmaga, has belent sepgitlere ýetmäge galkyndyrýar. Şonuň bilen birlikde, edermen daýhanlarymyzyň ene topraga bolan yhlasyny artdyrýar, ondan bol hasyl öndürmäge, halal zähmetiniň hözirini görüp ýaşamaga höweslendirýär. Hormatly oba zähmetkeşleri! Siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragyndan pagtanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman zähmet çekýärsiňiz. Siziň çekýän asylly zähmetiňiziň netijesinde, ata-babalarymyzdan bize miras galan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki zamanyň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, pagtaçylyk pudagynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Ösüşleriň täze belentliklerine barýan eziz Diýarymyzyň oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek, ekinlerden bol hasyl ösdürip ýetişdirmek, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin kämil oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen daýhanlar doly üpjün edilýär, suwaryş ýaplaryny we zeýkeş ulgamlaryny çekmekde, täze howdanlary gurup, suw bilen bolelin üpjün etmekde hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýerden bol hasyl almakda ata-babalarymyzdan miras galan baý tejribäniň, ylmyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde oba hojalygynda gazanylýan üstünlikler biziň hemmämizi begendirýär. Oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler oba hojalyk önümçiliginiň, şol sanda pagtaçylyk pudagynyň ösdürilmegine, şonuň bilen birlikde, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna uly ýardam edýär. Gadyrly Mary welaýatynyň hasyl ussatlary! Edermen pagtaçylar! Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda welaýat boýunça «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde gazanan bu ajaýyp zähmet ýeňşiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow