Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ahal welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
Syýasy habarlar
Ahal welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
Çap edildi 04.11.2019
764

Hormatly «ak altyn» ussatlary! Merdana pagtaçylar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda sahawatly türkmen topragyndan welaýat boýunça «ak altynyň» 207 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý edendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin. Ahal welaýatynyň edermen «ak altyn» ussatlary ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda ilkinji bolup, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan bu ajaýyp üstünlik welaýatyň kärendeçileriniň, hususy pagta öndürijileriniň, kämil tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlarynyň, suw hojalyk işgärleriniň hem-de pagtaçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýan alymlaryň we tejribeli oba hojalyk işgärleriniň agzybir hem-de yhlasly çeken zähmetiniň netijesidir. Welaýat boýunça «ak altynyň» bol hasylynyň öndürilmeginde etraplaryň pagtaçylyk hojalyklarynyň, öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biriniň mynasyp goşandy bar. Welaýatyň pagta hasylyny öndürmekde şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda abraý bilen ýerine ýetiren Gökdepe, Ak bugdaý we Sarahs etraplarynyň pagtaçy daýhanlarynyň çeken netijeli zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly pagtaçylar! Biz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek hem-de önümçilik gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeleri yzygiderli geçirýäris. Bu işler bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, pudaga dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak ugrunda uly möçberde maýa goýum serişdelerini gönükdirýäris. Biziň oba hojalygyndaky esasy maksadymyz ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakdan, ýerden we suwdan netijeli peýdalanmakdan, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyryp, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmakdan, eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmakdan ybaratdyr. Bu ugurda oba zähmetkeşleriniň, şol sanda pagtaçy babadaýhanlarymyzyň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle şertleriň döredilmegi babadaýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerini gazanmaga, has ýokary sepgitlere ýetmäge, ene toprakdan bol hasyl öndürmäge hem-de halal zähmetiniň hözirini görüp, eşretli durmuşda ýaşamaga bolan höwesini has-da artdyrýar. Hormatly oba zähmetkeşleri! Siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragyndan pagtanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman zähmet çekýärsiňiz. Siziň çekýän asylly zähmetiňiziň netijesinde ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki zamanyň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, pagtaçylyk pudagynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda kämil oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy, ýokary hilli tohumlar we topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen daýhanlaryň doly üpjün edilmegi, täze howdanlary gurup, suw bilen bolelin üpjün etmekde hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi oba hojalyk pudagynda ýokary sepgitlere ýetmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Ýerden bol hasyl almakda ata-babalarymyzdan miras galan baý tejribäniň we ylmyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde oba hojalygynda gazanylýan ýokary netijeler biziň hemmämizi begendirýär. Oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler oba hojalyk önümçiliginiň, şol sanda pagtaçylyk pudagynyň ösmegine, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna uly ýardam edýär. Gadyrly hasyl ussatlary! Edermen pagtaçylar! Sizi Ahal welaýatynda «ak altynyň» bol hasylyny öndürmekde gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow