Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamad resmi sapar bilen Aşgabada geldi
Syýasy habarlar
Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamad resmi sapar bilen Aşgabada geldi
Çap edildi 26.10.2019
1030

Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamad resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna geldi. 27-nji oktýabrda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-malaýziýa gepleşikleri geçiriler, onuň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge we iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän özara hereketiň mümkinçiliklerini oňaýly durmuşa geçirmäge ýardam etmäge niýetlenen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek ýylsaýyn uly ähmiýete eýe bolýar, bu bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan daşary syýasat ugrunda öz beýanyny tapdy. Häzirki döwürde türkmen-malaýziýa gatnaşyklary barada aýdylanda, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda kemala gelen netijeli gatnaşyklaryň özeninde iki döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasy durýar. Aşgabatda geçiriljek şu gezekki gepleşikleriň çäklerinde türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlener we uzakmöhletleýin, deňhukuklylyk, iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelerini nazara almak bilen, uzakmöhletleýin esasda guralýan köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berler.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow