Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
Çap edildi 22.10.2019
935

Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak we özara tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän halkara serginiň we maslahatyň işine üstünlikleri arzuw edýärin! Gadyrly dostlar! Eziz watandaşlar! Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Bu toplumy ösdürmek döwletimizi ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu toplumy ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Biziň ýurdumyz ägirt uly tebigy baýlyklary bolan ýurt, iri energiýa serişdelerini öndüriji döwlet we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde uly abraýa eýedir. Biz öz tebigy baýlyklarymyzy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň bähbitlerine gönükdirýäris. Muňa nebitgaz toplumynda amala aşyran we amala aşyrýan iri taslamalarymyz, hususan-da, dünýäde uly gyzyklanma döredýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy aýdyň mysaldyr. Häzirki wagtda bu iri transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu transmilli gaz geçirijisiniň gurulmagy sebitde durnukly ösüşi we parahatçylygy berkitmäge uly itergi berer, ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine oňyn täsir eder. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşe eýe bolan häzirki döwründe deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän taraplaryň ählisine giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegi daşary ýurt işewürleriniň geljegi uly bolan bazara maýa goýumlaryny gönükdirmäge islegini barha artdyrýar. Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar! Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenýän möçberlerini artdyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli nebit we gaz önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň nebit we gaz ýataklaryny daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly çalt depginler bilen özleşdirmek boýunça hem döwletimiz tarapyndan degişli işler geçirilýär. Dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn esasda özleşdirilmegi, şeýle hem nebite baý Demirgazyk Goturdepe, Altyguýy, Uzynada, Barsagelmez we Çekişler ýaly geljegi uly meýdançalarda öndürijiligi has ýokary bolan innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde tebigy gazy, çig nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Biz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagy, onuň düzümini täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna kämilleşdirmegi maksat edinýäris. Tebigy gazy gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmegi ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris hem-de bu ugurda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda möhüm işleri durmuşa geçirýäris. Täze önümçilik kärhanalarynyň hatarynda geçen ýyl ulanmaga berlen Gyýanlydaky polimer zawodyny, şu ýyl gurlup, ulanmaga berlen, ekologiýa taýdan arassa ECO-93 benzinini öndürýän Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody görkezmek bolar. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, biz ýakyn wagtlarda Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýene-de ençeme gazhimiýa toplumlaryny hem-de zawodlaryny gurmagy göz öňünde tutýarys. Geljekde hem ýangyç-energetika toplumynda şunuň ýaly sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolar. Hormatly myhmanlar! Gadyrly dostlar! Bu halkara maslahatyň we serginiň esasy maksady ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda gazanylýan üstünlikler bilen dünýä jemgyýetçiligini ýakyndan tanyşdyrmakdan, innowasion tehnologiýalar bilen tanyş bolmakdan, tejribe alşyp, halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge ýardam etmekden ybaratdyr. Bu halkara maslahaty we sergi ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulmagy üçin täze şertleriň döremegine itergi berer hem-de Türkmenistanyň halkara giňişligindäki hyzmatdaşlarynyň sanyny has-da artdyrmaga ýardam eder. Hormatly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar! Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow