Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Çap edildi 11.10.2019
853

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň duşuşygy boldy. Duşuşygyň öňýanynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleri Sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşdüler. Dostlukly döwletleriň Liderleri birek-birek bilen mähirli görşüp, ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak hem-de sebit we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Gazagystanyň Baştutany bildirilen mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk bildirip hem-de Sammitiň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň alyp baran işiniň üstünlikli tamamlanýandygy bilen gutlap, Bitarap Türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasy üçin häsiýetli bolan hem-de GDA-nyň çäklerindäki gatnaşyklarda mynasyp beýanyny tapan netijeliligiň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri türkmen hem-de gazak halklarynyň gadymy taryhy, medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüş depginine ýokary baha berip, özara gatnaşyklaryň giň gerimi boýunça pikir alyşdylar. Taraplar iki ýurduň bar bolan ykdysady we serişde kuwwatyny giň gerimli durmuşa geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri, şeýle hem energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Kasym-Jomart Tokaýew halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda tutuş dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, dünýä derejesindäki ekologiýa meselelerini çözmegiň çäklerinde tagallalary birleşdirmek işinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtadylar. Söhbetdeşler parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin esas goýujy gural hökmünde ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygyny bellediler. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, hemişe dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň ählisi bilen oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgesinden ugur alýar. Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Kasym-Jomart Tokaýew Türkmenistanyň we Gazagystanyň däp bolan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklap, iki doganlyk halklara bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Ý.Koşanow, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary – maliýe ministri A.Smailow hem-de Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri M.Tleuberdi gatnaşdylar.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow