Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy
Çap edildi 11.10.2019
844

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň öň ýanynda Sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşmek dabarasy boldy. Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň Ermenistan bilen däbe öwrülen, birek-biregi hormatlamak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi. Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanda bolýandygyna şatdygyny aýtdy. Şunda ermeni hem-de türkmen halklarynyň köpasyrlyk dostluk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hem döwletlerimiziň netijeli gatnaşyklary üçin ygtybarly esas bolup durýandygy bellenildi. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin Türkmenistanyň we Ermenistanyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek bilen,özara gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda işjeň gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, netijeli özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze ugurlary kesgitlemek babatda Hökümetara toparynyň orny bellenildi. Energetika, ulag, dokma senagaty, maliýe-bank ulgamy, obasenagat toplumy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutany we myhman ynsanperwer ulgamda, hususan-da, saglygy goraýyş, bilim, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi barada bir pikire geldiler. Taraplar türkmen hem-de ermeni halklarynyň milli mirasyny öwrenmek maksady bilen, medeni we ylmy gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, iki ýurduň alymlarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegine özara gyzyklanmanyň bardygyny bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowhem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň häzirki derejesine kanagatlanma bildirip, onuň Türkmenistana hem-de Ermenistana öz gatnaşyklaryny ynamly gurmagyna, halkara syýasatynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde möhüm meseleler boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitiň we dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljegine aýratyn üns berildi. Milli Liderimiz Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanyň döredijilikli teklipleriniň tarapdary bolup çykyş edýändigini bellemek bilen, ýurdumyzyň başyny başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2021-nji ýyl—Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen Kararnamasyny goldandygy hem-de awtordaşlygy üçin dostlukly döwletiň Hökümetiniň Baştutanyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Nikol Paşynýan dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlylygy tassyklap, bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki halkyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem duşuşyga Ermenistan RespublikasynyňWise-Premýer-ministri M.Grigorýan, daşary işler ministri Z.Mnasakanýan hem-de çäk dolandyryş we düzümler ministri S.Papikýan gatnaşdylar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow