Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Moldowa Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Çap edildi 10.10.2019
1384

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodonyň duşuşygy boldy. Iki ýurduň Baştutanlary sammitiň resmi banneriniň öňünde surata düşmek dabarasyndan soň, döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Igor Dodon türkmen-moldowan gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp, ýurtlaryň arasyndaky özara ynamyň we hormatyň gazanylan ylalaşyklary üstünlikli amala aşyrmaga hem-de syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyga ýardam edýändigini nygtadylar. Belent mertebeli myhman Moldowa Respublikasynyň tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolan netijeli daşary syýasaty ýöredýän Türkmenistan bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmek hem-de giňeltmek ugruna ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň Wulkaneşt etrabynyň Çişmikoý obasynda «Dostluk» çagalar bagynyň açylmagy iki döwletiň halklarynyň arasyndaky dostlugyň aýdyň nyşanyna öwrüldi diýip, Prezident Igor Dodon belledi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak işine uly şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk sözlerini beýan etdi. Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň Moldowany uzak möhletleýin hyzmatdaş hasaplaýandygyny hem-de geljekde dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewraziýa yklymynda ulag geçelgelerini ösdürmek babatda amatly geografik ýagdaýa eýe bolan iki döwletiň möhüm ornuny bellemek bilen, häzir Türkmenistanyň Ýewropanyň ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirýän, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň üsti bilen üstaşyr geçelgeleri döredýän wagtynda aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy. Söhbetdeşler gepleşikleriň dowamynda türkmen-moldowan hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Igor Dodon döwletara gatnaşyklaryň okgunly depginini kanagatlanma bilen belläp, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtadylar. Taraplar hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, esasy pudaklaryň birnäçesi, şeýle hem işewür toparlarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-moldowan toparynyň ornuny bellediler. Onuň işi hyzmatdaşlygyň kuwwatyny netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz hem-de belent mertebeli myhman ynsanperwer gatnaşyklarynyň möhümdigini belläp, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda pikirlerini aýtdylar. Syýahatçylyk we sport geljegi uly ulgamlaryň hatarynda görkezildi. Bu ugurlarda Türkmenistanyň we Moldowanyň gazananlary bilen dostlukly halklary tanyşdyrmak boýunça çäreleri guramagyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatyň käbir möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Igor Dodon birek-birege saglyk we üstünlik, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw edip, türkmen-moldowan hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Duşuşyga Moldowa Respublikasynyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Moldowa Respublikasynyň GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralaryndaky hemişelik doly ygtyýarly wekili Wiktor Soroçan gatnaşdy.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow