Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 05.10.2019
756

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň halkyna iň mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Häzirki çylşyrymly döwürde halkara hyzmatdaşlygy hemme wagtdakydan möhümdir. Tutuş dünýä «Biz, halklar, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we adam hukuklarynyň bähbidine tagallalarymyzy birleşdirýäris» diýen şygary öňe sürende rowaçlanýar. Siziň ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasyny pugtalandyrmak hem-de tagallalarymyzy hemmeler üçin nurana geljege tarap ilerletmek işine işjeň gatnaşjakdygyňyza bil baglaýaryn. Siziň Alyhezretiňiz, belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Antoniu GUTERREŞ, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary. * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Size tüýs ýürekden bagt, ýurduňyzyň halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin. NARUHITO, Ýaponiýanyň Imperatory. * * * Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mongol halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we dostlukly türkmen halkyny milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýakyn ýyllarda iki halkyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna, şeýle hem diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl-de, halkara we sebit derejesinde hem çuňlaşdyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynanýaryn. Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident, Size berk jan saglyk we ähli gowulyklary, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Haltmaagiýn BATTULGA, Mongoliýanyň Prezidenti.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow