Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Interbudmontaž» assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Interbudmontaž» assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2019
925

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy milli senenamamyzyň şanly senesi – ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýolunda gazanan haýran galdyryjy üstünliklerini alamatlandyrýan Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Işewür özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň durmuş-ykdysady ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny çalt depginler bilen senagatlaşdyrmak bilen baglylykda, ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen uzak möhletli netijeli gatnaşyklar üçin açykdygyny nygtady. Işewür «Interbudmontažyň» üstünlikli işlemek üçin ähli şertler hem-de amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen, okgunly ösýän türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga çalyşýandygyny nygtap, döwlet Baştutanymyza öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmek maksady bilen, ýerine ýetirilen işler hem-de anyk ädimler barada habar berdi. Pursatdan peýdalanyp, myhman ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan özgertmeleriň gerimine haýran galýandygyny aýtdy. Işewür Türkmenistanda geçirilýän dürli halkara maslahatlara uly höwes bilen gatnaşýandygyny belläp, ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini, olara gatnaşyjylaryň giň düzümini hem-de milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini nygtady. Bu forum halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, sebitiň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyna ýardam etmelidir. «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine gönükdirilen özara bähbitli taslamalaryň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow