Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 26.09.2019
824

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan köptaraply işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi. «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk we döredijilik syýasaty netijesinde, dünýäniň has depginli ösýän döwletleriniň biri hökmünde halkara giňişliginde şöhrata eýe bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny wekilçilik edýän kompaniýasynyň maksat edinýändigini aýtdy. Işewür ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýän köp döwletleriň wekillerini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna jemlän birinji Hazar ykdysady forumynyň işewür toparlar üçin ähmiýetini nygtady. Myhman bu forumyň çäklerinde guralan innowasion tehnologiýalar sergisiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşyň ähli ulgamlarynda Türkmen döwletiniň gazanýan üstünliklerini, milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwatyny açyp görkezmäge, daşary ýurtly gatnaşyjylar, şol sanda türk kompaniýalary üçin özleriniň geljegi uly taslamalaryny görkezmäge mümkinçilik berendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ösüşlere beslenen düýpli özgertmeler syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, innowasion tehnologiýalary ulanmaga hem-de daşary ýurtlaryň iň oňat tejribelerini çekmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan Türkiýäniň birnäçe iri kompaniýalary ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarydyr. Duşuşygyň dowamynda holdingiň ýolbaşçysy kompaniýa ynanylan desgalarda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi hem-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly täze teklipleri hödürledi. Türkmenistanda amala aşyrylýan halk hojalyk toplumynyň strategik taýdan möhüm pudaklaryny ösdürmek baradaky maksatnamalar bilen baglylykda açylýan mümkinçilikler söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Şu babatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kompaniýa ynanylan taslamalar ýerine ýetirilende ýokary hil talaplarynyň hem-de gurluşyklaryň şertnamada bellenilen tertibiniň we desgalary ulanmaga bermegiň möhletiniň berjaý edilmeginiň zerurdygyna işewüriň ünsüni çekdi. Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny takyk ýerine ýetirmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow