Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda
Çap edildi 25.09.2019
907

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan ata Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Agzybirligiň we jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň ýurdy bolan Bitarap döwletimiz dünýäde dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen giňden tanalýar. Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerinde, merdana halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmekde, ýaşlary ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesiller bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýär. Il-ýurt bähbitli, möhüm döwlet ähmiýetli meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, berkarar Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşýar. Biz eziz Diýarymyzda tutumly başlangyçlara hemişe hormatly ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris. Şoňa görä-de, ýaşuly nesliň barha kämilleşýän jemgyýetimizdäki ornuna, ýaşlarymyzy watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz hemişe ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly: Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy Rejep Bazarowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi Garýagdyýewe, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Bagçylyk we gülçülik birleşiginiň Bagtyýarlyk etrap bagçylyk müdirliginiň bagbany Orazmuhammet Hojatowa, Ahal welaýat häkimliginiň «Ahalwelaýatagyzsuw» birleşiginiň «Akbugdaýagyzsuw» müdirliginiň Magtymguly obasyndaky suw paýlaýjy howzunyň garawuly Şaberdi Amansaparowa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky N.Saryhanow adyndaky 6-njy orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Kakadurdy Täjimowa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Gämi şahamçasynyň müdiri Nurmuhamet Annamuhamedowiç Otuzowa, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Durun geňeşliginiň Durun obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşyrgeldi Myratgeldiýewe, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Çerkez Esenowa, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Paraw geňeşliginiň Paraw obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Ýazmyrat Atamyradowa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Bereket etrap hassahanasynyň newropatolog lukmany Berdigylyç Mämmedowa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyndaky 6-njy orta mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Amangeldi Öwezmedowa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap hassahanasynyň çaga dogrulýan bölüminiň anesteziolog-reanimatolog lukmany Kaka Guzyçiýewe, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Öwezmurat Abaýewe, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 20-nji orta mekdebiniň müdiri Jora Şaýymowa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Magdanly şäher hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň müdiri Hudaýberdy Mamedowa, Lebap welaýatynyň Çärjew etrap häkimliginiň işçisi Hemra Babahanowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Sapargeldi Muradowiç Annaýewe, Mary welaýat medeniýet müdirliginiň Mary şäher Bagşylar öýüniň çeper ýolbaşçysy Kakageldi Kerimowiç Çaryýewe, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Begenç Meredowa. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow