Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamak hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamak hakynda
Çap edildi 25.09.2019
1533

Ata Watanymyz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşleriň ak ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygardan ugur alnyp, mähriban halkymyzyň durmuşynyň mynasyp derejesini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň düzümlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň durnukly ösüşi gazanylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty karar edýär: 1. Türkmenistanyň Prezidentiniň taryhy maslahatda eden çykyşynda öňde goýan wezipelerini — Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamaly. 2. Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky teklibi biragyzdan goldamaly hem-de Türkmenistanyň Mejlisine Konstitusion topar bilen bilelikde degişli işleri geçirip, taýýarlanylan resminamalary 2020-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine hödürlemegi tabşyrmaly. 3. Döwlet häkimiýet edaralary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrmaly. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow