Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2020-nji ýylda çagyrmak hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2020-nji ýylda çagyrmak hakynda
Çap edildi 25.09.2019
1190

Türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň baý taryhy tejribesini göz öňünde tutup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet ähmiýetli, giň gerimli işleri halkymyzyň wekilleri bilen giňden ara alyp maslahatlaşmak, döwletimizi we jemgyýetimizi milli demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi dowam etdirmek we kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty karar edýär: 1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde çagyrmaly. 2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin girizmeli. 3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri, ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Döwlet toparyny döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow