Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Çap edildi 25.09.2019
973

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň täze taryhy, durmuş-ykdysady ösüşlerde gazanýan üstünlikleri, döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň ady we beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz zamanamyzyň beýik şahsyýeti, görnükli döwlet we syýasy işgäri, halkyň wepaly Ogly hem bütin dünýäde giňden ykrar edilen milli Lider, ata Watanymyzyň täze taryhyna öçmejek röwşen sahypalary ýazan külli türkmeniň Arkadagy hökmünde halkymyzyň çuňňur söýgüsine hem-de hormatyna mynasyp boldy. Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalary bilen ýurdumyz öz ösüşinde täze belentliklere çykyp, rowaçlygyň Watanyna öwrüldi. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň döwlet Baştutanynyň wezipesinde çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary milletler bileleşiginde giňden goldaw tapýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny, garaşsyzlygyny we hemişelik bitaraplygyny berkitmäge goşan uly şahsy goşandy, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, döwrüň aýdyň we oýlanyşykly ýörelgesini esaslandyryp, döwletliligiň synmaz sütünini berkarar etmekde, ýurdumyzyň keşbiniň tanalmaz derejä ýetmegini üpjün eden oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamakda, ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, milli däp-dessurlary täzeden dikeltmekde we ösdürmekde, halkyň agzybirligini hem-de jebisligini berkitmekde, ýaşlary watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň ruhunda terbiýelemekde bitiren ägirt uly işleri üçin hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän döredijilikli, halal we päk ýürekli zähmetini hem-de nusgalyk işlerini, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzdan, jemgyýetçilik guramalaryndan gelip gowuşýan köp sanly haýyşlary we teklipleri nazara alyp, seýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 9-njy bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa. Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow