Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek hakynda
Çap edildi 30.08.2019
1253

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, täze belentliklere ýetmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 1. Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde belläp geçmeli. 2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününiň ýokary derejede we guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli. 3. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. 4. «Baky bitarap Türkmenistan döwletimizde Nebitgaz, energetika we geologiýa senagatynyň işgärleriniň toý gününi Ählihalk milli baýram etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykaran 3878-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2003-nji ýyldaky 6-njy ýygyndysynyň 232-nji maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 30-njy awgusty.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow