Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 24.08.2019
935

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden gatnaşan ýaş, zehinli aýdymçy ýaşlaryň arasyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda joşgunly zähmet çekjek, türkmeniň aýdym-saz sungatynyň parlak ýyldyzlary bolup ýetişjek zehinli aýdymçylary ýüze çykardy. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy: Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň 1-nji derejeli artisti Gurbanjemal Şöhratgeldiýewna Orazdurdyýewa; Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Çarygeldi Kakamuhammedowiç Ataballyýew; Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň Könekesir oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Garaja Ilgeldi ogly Garajaýew; Daşoguz welaýatyndan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Allaberdi Orazguly ogly Amanow; Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Güljemal Taýlyýewa; Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň ýanyndaky tans toparynyň tansçysy Amangeldi Kakamyradowiç Esenmyradow.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow