Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Birinji HYF-a BSG-nyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşarlar
Syýasy habarlar
Birinji HYF-a BSG-nyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşarlar
Çap edildi 11.08.2019
813

Birinji HYF-nyň meýdançasynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Bütindünýä bankynyň düzümine girýän Halkara maliýe korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegine garaşylýar. Bu barada «Awaza» MSZ-nda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarow bilen Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Bütindünýä bankynyň Ýerine ýetiriji direktory Werner Gruberiň arasynda bolan duşuşykda gürrüň edildi. Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Häzirki wagtda özara hereketiň täze ugurlary öwrenilýär. Ugurdaş pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlamak, makroykdysadyýetiň we maliýe monitoringiniň dürli ugurlary boýunça maslahatlar goldawy ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Bütindünýä söwda guramasynyň Sekretariatynyň täze ýurtlaryň goşulmagy boýunça departamentiniň direktory Maýka Oşikawa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Bütindünýä söwda guramasy bilen işjeň özara hereket Türkmenistanyň BSG-a girmek boýunça başlanan işleri çaltlandyrmaga ýardam eder. Ýedi ýyl bäri ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bu ugurda halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kanunçylygy kämilleşdirmek we BSG-nyň gurallaryndan ugur alyp söwdany aňsatlaşdyrmak boýunça çäreler toplumy durmuşa geçirilýär. 11-nji awgustda hanym Oşikawa BSG-a girmegiň meseleleri boýunça milli seminara gatnaşdy.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow