Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 09.08.2019
791

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Mýuriel Peneweýreden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzdaky jogapkärli işine başlamagy bilen ilçini milli Liderimiziň adyndan gutlap, Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň hem hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi. Bu dereje netijeli halkara gatnaşyklar üçin esas bolup çykyş edýär. Şweýsariýada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatyny hem öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandyklaryny aýtmak bilen, ilçi Bitarap Türkmenistanyň halkara-hukuk derejesiniň ähmiýetini aýratyn belledi. Bu dereje diňe sebitde parahatçylygy we ynanyşmak ýagdaýyny saklamagyň däl-de, eýsem, ylalaşdyryjylyk diplomatiýasy nukdaýnazaryndan ählumumy meseleleri çözmegiň hem täsirli guraly bolup durýar. Söhbetdeşligiň barşynda hanym Mýuriel Peneweýre ýurdumyzda amala aşyrylýan, döwletimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady taslamalaryň we maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ilçä milli parlamentiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi barada habar berildi. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ösdürilýän türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygy bellenildi. Duşuşykda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ynsanperwer ulgamlary, oba hojalygy, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda gatnaşyklara özara islegiň bardygy bellenildi. Parlamentara gatnaşyklary giňeltmek meseleleri barada-da durlup geçildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklere eýe bolup, iki dostlukly ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow