Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hazar deňzi institutyny döretmek hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hazar deňzi institutyny döretmek hakynda
Çap edildi 09.08.2019
976

Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri seljermek, deňizde ylmy barlaglary geçirmek, Hazar deňzi bilen bagly halkara hukuk we milli resminamalary taýýarlamak, şeýle hem Hazar meseleleri boýunça halkara şertnamalarynyň Türkmenistanda ýerine ýetirilişine syn etmek we Hazar deňzine degişli bolan usulyýet maglumatlaryny taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň işini bes edip, onuň binýadynda Hazar deňzi institutyny döretmeli. 2. Hazar deňzi institutynyň işine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň üstüne ýüklemeli. 3. Hazar deňzi institutyny işini bes eden Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli. 4. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmegiň milli gullugynyň adyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 30-njy maýynda çykaran 3405-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2001-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 299-njy maddasy) üçünji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 9-njy awgusty.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow