Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 08.08.2019
924

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy forumyň guralmagy bilen gutlady hem-de onuň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Forum öz ähmiýeti boýunça diňe bir sebit derejeli däl-de, dünýä derejeli taryhy waka bolup durýar. «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy halkara işewürlik hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmakda öňde boljak forumyň ähmiýetini nygtap, türk kompaniýalary üçin öz ösüşinde okgunly öňe gidişligi görkezýän hem-de sebit we ählumumy möçberde özgerişler maksatnamalary hem-de taslamalary öňe sürýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň uly hormatdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öz ösüşinde dünýäniň iň soňky gazanan ylmy-tehniki pikirlerine we innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda örän möhüm milli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan türk kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, durmuş ugry Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy bölegidir, ol halkyň abadançylygynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler hut şu maksatlara gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Duşuşygyň dowamynda «Çalyk Holdingiň» ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça 500 kilowolt güýjenmesi bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Gurluşyk işleriniň bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, TOP taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna hem elektrik energiýasyny üstaşyr ibermäge mümkinçilik berer, bu ýurtlaryň hökümetleri taslamanyň çalt amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini birnäçe gezek beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň hem-de bu taslama bilen baglanyşykly ähli işleriň şertnamada bellenilen möhletde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine «Çalyk Holdingiň» ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Duşuşygyň ahyrynda bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, işewür buýrujy tarapyndan bildirilýän ýokary talaplara eýeriljekdigini, geljekde hem türkmen Lideriniň öňe süren ähli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşjakdyklaryny nygtady.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow