Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry Owganystana ýetirildi
Syýasy habarlar
Ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry Owganystana ýetirildi
Çap edildi 01.07.2019
1026

Şu gün Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawoddan iberilen ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry Owganystanyň çägindäki Akina demir ýol bekedine baryp ýetdi. Ozal habar berlişi ýaly, 28-nji iýunda Ahal welaýatynyň çäginde tebigy gazdan benzin öndürýän täze innowasiýa –senagat toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşan pursatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýol we awtoulag bilen Owganystan Yslam Respublikasyna täze zawodyň önümi — tebigy gazdan taýýarlanylan benziniň hem-de suwuklandyrylan gazyň iberilmegine badalga berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny amala aşyrmak bilen, OYR-yň ykdysady taýdan dikeldilmegine yzygiderli ýardam bermegini dowam etdi. Hakykatdan-da, Owganystana ýardam bermek boýunça anyk çäreleriň kabul edilmegi Türkmenistanyň öňde goýlan wezipeleri çözmäge ygrarlydygyny hem-de ahyrky netijede üstünlige ýetiljekdigine umumy ynamy bütin dünýä äşgär edýär. Diňe hoşniýetli erk-islege we özara ynama, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri hem-de abraýly halkara, sebit düzümleriniň üsti bilen bütin dünýä bileleşiginiň goldawyna esaslanýan tagallalaryň birleşdirilmegi, bu goňşy ýurtda durnuklylygyň berkidilmeginiň hem-de onuň okgunly ösüşiniň, ahyrky netijede bolsa owgan halkynyň abadançylygynyň üýtgewsiz şerti bolup durýar. Akina bekedinde tebigy gazdan taýýarlanylan benzin hem-de suwuklandyrylan gaz ýüklenilen demir ýol düzümini we awtoulag kerwenini Akina şäherçesiniň häkimi Azimi Başir Ahmad, Owganystanyň DIM-niň wekili Gulam Resul Aýmak, Akina bekediniň gümrük gullugynyň ýolbaşçylary, nebitgaz we demir ýol düzümleriniň, Owganystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, «Aýna», «Batyr» we «Milli» teleýaýlymlaryň, Türkiýäniň «Anadoli Agenсu» habarlar agentliginiň we beýlekileriň wekilleri garşyladylar. Soňra ynsanperwerlik ýüküniň owgan tarapyna dabaraly ýagdaýda gowşurylmagynyň dowamynda OYR-nyň resmi adamlary, ýerli häkimiýetiň wekilleri we ýaşaýjylary çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkyna yzygiderli doganlyk kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler, türkmen Liderine berk jan saglyk we alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler, türkmen halkyna bolsa geljekde hem abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow