Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 17.06.2019
1091

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Birek-birege mähirli sözleri aýdyp, iki ýurduň Liderleri möhüm hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklaryň we dürli ugurlarda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmegini nazarda tutup, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmegi taraplaryň uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan üýtgewsiz meýillerini tassyk etdi. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika toplumy we ulag-aragatnaşyk ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şu we beýleki pudaklar dünýä ykdysadyýetiniň esasy binýatlaýyn ulgamlarynyň biri bolup durýar. Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň bellenen meýilnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde, olary uly geljegi bolan taslamalar hökmünde kesgitlemekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm orun degişlidir. Onuň nobatdaky mejlisi şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirildi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna boljak sapary köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirer. Ýurdumyzda Russiýanyň iri kompaniýalarynyň alyp barýan netijeli işleri özara peýdaly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändiginiň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Bilim we ylym, medeniýet we sungat, şeýle hem sport ugurlarynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge bolan gyzyklanmalary tassyklandy. Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk gyzyklanma bildirilýän ara alyp maslahatlaşmalaryň özenini düzdi. Şunlukda, geçen ýyl Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň jemleri boýunça gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz özüniň russiýaly kärdeşini ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän sebitleýin we sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin däp bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dostluk, ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege we iki ýurduň halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow