Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny iberdi
Çap edildi 15.06.2019
1108

Mähriban uçurymlar! Sizi eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, goranmak ukybyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini ygtybarly goramagy üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, zähmet ýoluna we gulluga gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, buýsançly başlaryňyzyň belent bolmagyny, geljekde size ynanyljak jogapkärli wezipelerde uly üstünliklere ýetmegiňizi arzuw edýärin! «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda eziz Watanymyzyň halkara at-abraýy has-da belende göterilýär. Ýurdumyzda gazanylýan şeýle üstünliklerde we ýetilýän belent sepgitlerde eziz Watanymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň orny örän uludyr. Merdana Watan goragçylary! Siz geljekde hem Watanymyzyň we dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň, türkmen halkynyň beýik ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby sungatyny mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Häzirki zaman harby tehnikalaryna we enjamlaryna erk etmek başarnygyny kämil derejede ele alyp, döwletimiziň berk binýadynyň mizemezligini, onuň çäkleriniň goraglylygyny üpjün edip, eziz Watanymyza wepadarlygyň belent nusgasyny görkezmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşine şahsy goşantlaryňyzy goşmalysyňyz. Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi, mähriban halkymyzyň döredijilikli zähmetini goramagy, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi, jemgyýetimizde hukuk tertibini pugtalandyrmagy we kanunçylygy has-da berkitmegi mukaddes borjuňyz hasaplamalysyňyz. Siziň şu jogapkärli wezipeleri, özüňize ynanylan işleri abraý bilen ýerine ýetirjekdigiňize, Watany goramak ýaly belent borja hemişe wepaly boljakdygyňyza, mukaddes topragymyzyň hakyky mertleri bolup, ata Watanymyzyň at-abraýyny has-da beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn! Hormatly serkerdeler, professor-mugallymlar! Bütin dünýäde innowasiýanyň, ylmyň we tehnologiýanyň, şol sanda harby tehnikanyň ösýän döwründe ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işleriniň geçirilişini kämilleşdirmek, okuw-usulyýet işlerine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, internet we elektron kitaphana ulgamlaryny giňden peýdalanmak, harby-watançylyk terbiýesini pugtalandyrmak zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Siz şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirip, ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary arkaly her bir harby talybyň bilime, ylma we tehnologiýa bolan höwesini has-da artdyrmalysyňyz. Hormatly uçurymlar! Siz dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan, dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýän, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamaga gönükdirilen umumy ykrar edilen halkara-hukuk ýörelgelerini we kadalaryny berk berjaý edýän eziz Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini doly üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini gündelik wezipe borçlaryňyzy ýerine ýetireniňizde doly berjaý etmelisiňiz. Siziň ähliňizi Harby akademiýany we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow